Güýçli zenanlar hakynda 5 serial

Slide 2 - Güýçli Zenanlar

Jora, sen serial görýärsiňmi? “Hawa” bolsa, onda şu günki makalamyz saňa hökman ýarar. Sebäbi şu ýygyndymyzda duýgularyňy joşdurjak we geljekki pikirleriňe ylham berjek ajaýyp seriallary tapyp bilersiň.

Geçen gezek biz seniň bilen güýçli zenanlar hakynda filmleriň ýygyndysyny paýlaşdyk. Şol posty Instagram akkaundymyzda 200-den gowrak adam saklap goýdy (sohranit etdi), şonuň üçin biz häzirki zaman kino senagatyndaky güýçli zenan gahrymanlar hakynda temany dowam etmekligi ýüregimize düwdük.

 

zenan
Photo from Yandex Images

Ullakan kiçijek ýalanlar (originaly: Big Little Lies)
2017-nji ýyl; reýting IMDb: 8.5; 2 sezon

Bu serialda hemme zat ajaýyp — aktýorlar düzümi we olaryň oýnaýşy, sýužet, montaž, sazlary (saundrekleri). Ýöne, bu ajaýyplygyň arkasyndaky hakykat o diýen ajaýyp däl. Wagtyň geçmegi bilen ene-atalaryň we çagalaryň jepaly we urgy galdyran (trawmaly) gatnaşyklaryny, öýdäki zorlugy, eneligiň kynçylyklaryny we beýleki köpsanly tolgundyryjy, emma köp kişä tanyş bolan temalary görüp bolýar.

Örän köp baýrak alan bu serial Liani Moriartiniň (Liane Moriarty) serialyň adynyň gelip çykýan kitabynyň esasynda düşürilen. Birinji sezon sekiz sany “Emmi” baýragyny we dört sany “Altyn globus” baýragyny aldy. Baş rollarda Riz Uizerspun, Nikol Kidman, Meril Strip (Reese Witherspoon, Nicole Kidman, Meryl Streep) ýaly dünýä kinematografynyň super ýyldyzlary oýnaýar.

Serialyň wakasy yzyndan bir topar meseleleri we ýalanlary getirýän adam öldürmeden başlanýar. Tutuş serialyň dowamynda zenanlaryň biri-birilerine gapma-garşylyklaryny, has möhüm ýeri bolsa, biri-birilerini goldasalar, nähili güýçli bolup biljekdiklerini görüp bilýäris.

 

zenan
Photo from Yandex Images

Hyzmatkäriň hekaýasy (originaly: The Handmaid’s Tale)
2017-nji ýyl; reýting IMDb: 8.4; 4 sezon

Bu gynançly we tolgundyryjy serial kanadaly ýazyjy Margaret Etwudyň (Margaret Atwood) 1985-nji ýylda çap edilen, serialyň ady bilen meňzeş atly romanynyň sahnalaşdyrylmagydyr. Bu kitap çykan badyna örän köp baýrak aldy. Häzir köp adam uly tolgunma bilen indi näme boljakdygyny çaklap, serialyň dowamyna garaşýar.

Serialyň wakasy ýakyn geljekde aýallaryň köpüsiniň ýaramaz ekologiýa zerarly göwreli bolup bilmejekdigi hakynda gidýär.  Bu ýagdaýa nädip hem bolsa bir çykalga tapmak üçin “Iakowyň ogullary” dindar takwalar ýurdy halas etmegiň meýilnamasyny oýlap tapýarlar — galanja önelgeli (çaga dogurmaga ukyply) aýallary “hyzmatkär” etmeli we olaryň esasy işi diňe çaga dogurmakdan ybarat bolmaly.

Serialy gören wagtymyz iň gorkunç ýeri awtoryň “Hyzmatkäriň hekaýasy” kitabyny ylmy fantastika degişli etmän, “spekulýatiw fantastika (speculative fiction)” adalgasyny ileri tutmagydyr. Onuň aýtmagyna görä, ylmy fantastika degişli kitaplarda, meselem, başga bir äleme syýahat etmek ýaly häzirlikçe bolup geçmegi mümkin bolmadyk, ähtibarsyzrak ýagdaýlar suratlandyrylýar. Bu kitapda bolup geçýän wakalar biziň jemgyýetimizde eýýäm bar bolan ymtylyşlar, niýetler bilen baglanyşykly ahyryn! Gorkunç ýagdaý gerek?

 

zenan
Photo from Yandex Images

Irdenki şou (originaly: The Morning Show)
2019-njy ýyl; reýting IMDb: 8.4; 2 sezon

Serialyň sýužeti täzelikler şounda (tomaşa) turan jenjeliň esasynda bolup geçýär. Uzak ýyllaryň dowamynda irdenki şou Amerikany oýarýar we täzelikleri aýdyp berýär. Birden söýgüli alyp baryjyny jynsy taýdan erjeşme (süýkenme) bilen günäkärleýärler we şol bada işden çykarýarlar. Ol bolsa günäsiniň nämedigine düşünmeýär, sebäbi ol garamagyndaky ýaş işgärleri bilen “diňe bir oýnaşypdy”. Belaň körügi ahyrynda düzedip bolmajak ýitgilere getiren dymmak medeniýetinde. Gahryman Riz Uizerspun (Reese Witherspoon) öz mysaly arkaly hakykatyň ugrundaky göreşiň endik edilen dymmaklyga garamazdan, hemişe üstün bolmalydygyny görkezýär.

Internetde adamlaryň kinolarda erjeşme (süýkenme) temasynyň gozgalmagyndan bizar bolandyklary hakynda ýazan köp sanly synlaryna gabat gelmek bolýar. Biziň pikirimizçe bolsa, erjeşme, zorluk, dymmak bilen baglanyşykly temalary bu ýagdaýlar seýrek bolup galýança gozgamagy dowam etmelidiris. Olar şu wagt seýrekmi? Gynansak-da, ýok. Şonuň üçin indi näme boljakdygyna seredeliň.

 

zenan
Photo from Yandex Images

Ötgür zatlar (originaly: Sharp Objects)
2018-nji ýyl; reýting IMDb: 8.1; 1 sezon

Bu serial Gillian Flynniň serialyň adynyň gözbaş alan kitabynyň esasynda düşürilen. Sýužet (bolup geçýän wakalaryň jemi) dogduk şäherine bir gyzyň syrly öldürilmegi bilen baglanyşykly jenaýaty öwrenmäge iberilen žurnalist Kamilla hakynda gidýär. Ýöne, Kamilla üçin bu syýahat diňe bir iş sapary däl-de, öz çagalygy, mähirsiz ejesi bilen kynçylykly gatnaşyklary, aýal doganyndan mahrum bolmagyň gynanjy hakynda ýüregiňi awadýan ýatlamalara çümmekdi.

Sýužet urgy bolan başdan geçirmäniň (trawmanyň) adamy terk edip gidäýmän, gaýtam, daş-töweregi uçly, hamala çümüp duran ejirli zatlara öwrülip, adamyň hakydasynda hemişelik galýandygynyň hut mysalydyr.

Wakalaryň gidişiniň düşnükli bolmagyna garamazdan, haçan-da derňew gutaryp, ganhoryň kimdigi belli bolansoň, asyl elhenç hakykat titrlerden soňra görkezilýär.

 

zenan
Photo from Yandex Images

Hemme ýer köräp ýanýar (Little Fires Everywhere)
2020-nji ýyl; reýting IMDb: 7.7; 1 sezon

1997-nji ýyl, Şeýker Haýts — ýalpyldawuk reklama kitapjygynda şekillendirilen, rahat ýaşaýşy wada berýän şäher.  Bu ýerde durmuşyndaky ähli zatlary düzgün boýunça amala aşyrýan, yhlasly aýal we eje, işjeň, şäher adamy Ýelena ýaşaýar. Haçan-da şähere erkinligi söýýän suratkeş Mia gelensoň welin, bu iki zenan häli-şindi biri-biri bilen gabatlaşyp, diňe bir biri-biriniň durmuşyna däl-de, çagalarynyň durmuşyna-da täsir edip başlaýar.  Olaryň hersiniň öz syrlary bar, olaryň başdan geçiren urgularyny (trawmalaryny) özlerini alyp baryşlarynda yzygiderli görmek bolýar. Olar duşuşdykça, iru-giç ullakan ýangyna öwrüljek kiçijek ojaklar peýda bolýar, muny bolsa birinji seriýanyň iň başynda görüp bilýäris. Iň başdan başlamak üçin hemme zady ýakmalymyka?

Geň ýeri bolsa, tutuş seriýalaryň dowamynda kimiň gaýgysyny paýlaşjagyňy saýlamagyň kyndygy. Bu ýerde-de edil hakyky durmuşda bolşy ýaly, “ýaramaz” we “gowy” adamlar we hereketler diýen zat ýok.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.