Jora, biz öň güýç ulanmaga meýilli ýoldaşyň häsiýetiniň aýratynlyklary hakynda ýazypdyk. #jora_gatnaşyklar tegi boýunça bu tema boýunça ýazylan Instagramdaky postlary tapyp bilersiň. Ýaramaz gatnaşykdadygyňa we ony gowulyga tarap üýtgedip bilmeýändigiňe düşünen bolsaň, onda munuň ýaly gatnaşygy mümkin boldugyça tiz bes etmek üçin näme etmelidigi hakynda pikirlenmegiň wagty geldi.
1. Taýýarlan.
Aýrylyşanyňdan soňra näme bilen meşgullanjakdygyň, (eger häzir ýoldaşyň bilen bile ýaşaýan bolsaň) nirede ýaşajakdygyň hakynda öňünden pikirlen. Islendik gatnaşyk tamamlanandan soňra emosional boşluk emele gelýär we ol boşlugy gowy görýän işleriň, şahsy kämilleşme, täze meýilnamalar we maksatlar bilen doldurmaly bolýar. Bolmasa, sen gatnaşygyňyzdaky iň ýakymly pursatlary ýatlap, oňa dolanmak hakynda pikirlenip başlarsyň. Ýoldaşyň netije çykaryp, seniň gadryňy bilmäge başlansoň, aýralygy wagtlaýyn bir zat diýip kabul etmeli däl. Ýakyn adamyň sagdyn däl (toksik) özüni alyp baryşyny aklajak bolup, onuň ökünmegine garaşmak peýdasyzdyr.
Eger siz bile ýaşaýan bolsaňyz, ony seniň poçtaňa we sosial torlaryňa girip bilmez ýaly et. Seniň üçin iň möhüm zatlary alyp git.
2. Goldaw etjek adamlar toparyny döret.
Köplenç, ýaramaz gatnaşyklarda ýan-ýoldaşyň beýleki adamlar bilen gatnaşmagyňa ýol bermeýär. Özüňe “Meni kim goldap biler? Kim bilen dostlukly gatnaşyklarymy dikeldip bilerin?” diýen soraglary bermeli. Ýakymly adamlar bilen gowy duýgulary oýarýan aragatnaşygyň saňa kyn wagtlaryňda örän uly kömegi deger.
3. Ýoldaşyň bilen aýrylyşma hakynda gepleş.
Haçan hem bolsa bir wagt sen bu gatnaşykda indi bolup bilmejekdigiňe we häziriň özünde ony kesmäge taýýardygyňa düşünersiň. Ýoldaşyň güýç ulanmaga meýillidigini bilýän bolsaň (seni urýan, köplenç gazaply bolýan, öz duýgularyny saklap bilmeýän bolsa), onda onuň bilen howpsuz aralykda (messenjer arkaly) gepleşmek maslahat berilýär. Gynansak-da, güýç ulanýan ýaş adamlar gyz bilen aýrylyşanlarynda, özlerine erk edip bilmeýärler we özlerini ýigrenilen duýup, ondan ar almaga başlaýarlar.
4. Özüň hakda alada etmegi öwren.
Öz näme isleýändigiňe, nämä şatlanýandygyňa, saňa nämäniň ýaraýandygyna düşünmek ýaramaz gatnaşyklardan soň emosional ýagdaýyňy dikeltmek üçin gowy çäredir. Eger sen içiňi dökmäge zerurlyk duýýan bolsaň, onda psihologa ýüz tut ýa-da öz pikirleriňi ýazyp biljek gündeligiňi ýöret.
Ýaramaz gatnaşyklardan çykmaga saňa Silwiýa Kongostyň “Söýgi janyňy agyrdanda. Nädip söýgini baglylykdan tapawutlandyrmaly we sagdyn däl gatnaşyklardan çykmaly?” ( “Is it love or addiction?” by Silvia Congost) diýen kitaby kömek edip biler.
Eger sen ýaramaz gatnaşykda bolsaň, şu wagt seniň rahatlanmagyň we asudalygyň üçin aýrylyşmagyň iň möhüm ädimdigi hakynda pikirlen.

Jogap ýaz