Agyryly aýbaşy: ginekologyň maslahatlary

agyryly aýbaşy

Aýbaşy agyrysy ginekologa ýüz tutmagyň köp duş gelýän sebäbidir. Instagramda bize, köplenç, abunaçylarymyzdan aýbaşy agyryly bolanda näme etmelidigi hakynda soraglar gelýär.

Ilki bilen, gel, kadaly aýbaşynyň nähili bolýandygyna seredeli.

 

Kadaly aýbaşy barada

Myşsadan ybarat bolan agzamyz – ýatgynyň ýygrylmagynyň netijesinde ganly bölünip çykmalar emele gelýär. Bu bolsa gyzlaryň köpüsinde oňaýsyzlyk duýgusyna we garnyň aşagynda käte duýulýan we o diýen güýçli däl agyrylara sebäp bolup bilýär. We bu kadalydyr.

Seniň durmuşyň adaty gidişine päsgel berýän aýbaşy kadaly däldir (syrkawlyk rugsadyny almaly bolýarsyň, meýilnamalaryňy ýatyrmaly bolýarsyň, ýorgan-düşekli ýatmaly bolýarsyň we ş.m.).

 

Dismenoreýa we Agyry Şkalasy

Agyryly aýbaşy “Dismenoreýa” ýa-da “Algodismenoreýa” diýip atlandyrylýar. Muny öz saglygyň hakynda habarlylyk üçin bilmek möhümdir. Ony kesgitlemek üçin Agyry Şkalasy bar (agyry ýok bolsa, 0 bal; çydap bolmajak agyry bar bolsa, 10 bal).

agyry şkalasy

Dismenoreýa ýetginjeklik ýaşlarynda köp gyzlarda duş gelýär. Bu ýagdaý iç gatama, içgeçme, ýürek bulanma bilen bilelikde bolup geçip bilýär. Köp halatlarda ulaldykça bu ýagdaý öz-özünden aýrylyp gidýär. Dismenoreýa nähilidir bir keseliň (meselem, endometriozyň) alamaty bolup bilýär. Ýöne, bu ululara garaňda, ýetginjeklerde örän seýrek duş gelýär.

 

Nähili alamatlar ýüze çykanda seresap bolmaly we lukmana ýüz tutmaly?

  • Uly ýaşda aýbaşy yzygiderli (Agyry Şkalasy boýunça 6-7 baldan başlap) örän agyryly geçip başlaýar;
  • Her aý aýbaşyň gelende, sen mejbury ýagdaýda agyry aýyrýan dermanlary içmeli bolýarsyň;
  • Köplenç, aýbaşyň gelýän wagty syrkawlyk rugsadyny almaly bolýarsyň;
  • Her aýky agyryly aýbaşy bilen bilelikde ýürek bulanma, gaýtarma, içgeçme hem bolup geçýär;
  • Aýbaşyda agyrynyň üstesine köp gan hem gelýär:
    – 2 sagatda iň galyň görnüşli (maksi) prokladka öl-myžžyk bolýan bolsa;
    – şol bir wagtyň özünde hem prokladka hem tampon ulanmak zerurlygy ýüze çyksa;
    – gijesine içki geýimiňe gan geçýän bolsa;
    – umumy ysgynsyzlyk ýüze çyksa.

Agyrynyň güýçlüligini peseltmek üçin näme edip bilersiň:

  • Garnyň aşagyna grelka goýup bilersiň ýa-da gyzgynjak duş alyp bilersiň. Ýylylyk ýygrylmany aýyrýar we agyryny azaldýar.
  • Agyry aýyrýan dermanlar. Aşgazan we içege keselleriniň ýüze çykmagynyň ýa-da beterleşmeginiň öňüni almak üçin olary yzygiderli içmeklik maslahat berilmeýär.
  • Eger sen jynsy gatnaşyk bilen meşgullanyp başlan bolsaň, onda jynsy gatnaşyk lezzet bilen orgazmyň hasabyna agyrynyň güýjüni peseldip biler.
  • Ýoga, meditasiýa agyrydan ünsüňi sowmaga kömek edip bilýär.

 

Jora, eger sende Algodismenoreýanyň ýokarda sanalan alamatlary bar bolsa, onda hökman lukmana ýüz tutmalydyr. Hem-de, hiç hili ýagdaýda özüňi bejermäge synanyşmaly däldir.

Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin saglyk barada rubrikamyzy yzarla. Ginekologymyza soragyň bolsa, ginekolog@joralar.com poçta salgysyna ýaz.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.