Jora, a sen ginekologik barlagyň nähili geçýändigini bilýärsiňmi?
Gyzlaryň köpüsi ginekologa görünmekden gorkýandyklaryny aýdýarlar. Bu gorkunyň sebäbi takyk däl — köplenç, olaryň köpüsi nädip taýýarlanmalydygyny bilmeýärler, beýlekiler barlag wagty agyry duýmakdan gorkýarlar, üçünji topar bolsa lukmanyň olara garşy özüni gödek alyp barmagyndan çekinýär. Şu sebäpler bolsa ýylda geçilmeli öňüni alyş barlagy üçin lukmana ýüz tutmakdan alyp galýar. Näme etmeli?
Ginekologiki barlagda nämeler bolar?
Ilkinji bilen, maslahat (konsultasiýa) berilýän wagty lukman bilen näsagyň arasynda şahslar arasyndaky gatnaşyklary öz içine almaýan, ynamly we rahat hyzmatdaşlyk bolmalydygyny göz öňünde tutmalydyr.
Lukman näsaga näme etjek bolýandygyny, barlagyň nähili geçjekdigini we näsagyň muny çak bilen nähili geçirjekdigini aýtmaga borçludyr. Sen, öz gezegiňde, teklip edilen barlag usulynyň geçirilmegine razydygyňy ýa-da däldigiňi aýtmalysyň. Eger barlag sende agyry döredýän bolsa, agyryny we oňaýsyzlygy ýeňleder ýaly lukmana bu barada duýdurmaly.
Lukmana ilkinji gezek barlanaňda, şu üç sany möhüm soraga jogap bermeli:
- Sende arz-şikaýat barmy?
- Iň soňky aýbaşynyň birinji güni hacan boldy?
- Seniň durmuşyňda jynsy gatnaşyk barmy?
Iň soňky soragyň jogaby haýsy ginekologik barlag usulynyň ulanylmalydygyny kesgitleýär. Eger seniň durmuşyňda jynsy gatnaşyklar bar bolsa, onda barlag ýörite aýna (jynshana girizip barlanýan gural) bilen, soňundan bolsa bimanual (eller bilen) geçirilýär. Aýnanyň kömegi bilen lukman jynshananyň diwarlaryny we ýatgynyň boýunjygyny barlamaly, eller bilen bolsa ýatgynyň, turbalaryň we ýumurtgalyklaryň ölçeglerine, ýumşaklygyna we hereketine baha bermeli, çanaklykda ýerleşýän organlarda (agzalarda) agyrynyň barlygyny-ýoklugyny kesgitlemeli.
Emma, eger sen heniz jynsy gatnaşyk bilen meşgullanyp başlamadyk bolsaň, onda barlag rektal, ýagny göni içege arkaly, elbetde, aýna ulanman geçiriler. Lukman göni içege arkaly barlanda hem bu agzalaryň ölçeglerini, ýumşaklygyny we hereketini, olarda agyrynyň barlygyny-ýoklugyny barlap bilýändir.
Ginekologik barlaga nädip taýýarlanmaly?
- Ýokardaky 3 soraga öňünden jogap taýýarlamaly.
- Eger sen öňüni alyş barlagyndan geçmegi meýilleşdirýän bolsaň, onda barlaga iň soňky jynsy gatnaşykdan 48 sagat geçensoň gitmelidir.
- Ätiýaçdan ýanyň bilen barlanaňda oturgyjyňa ýazarlar ýaly arassa mata alyp git (gynansak-da, käbir poliklinikalarda we hassahanalarda arassaçylyk serişdeleri bolman bilýär).
Indiki postda biz ginekologik barlagyny ýeňilleşdirmegiň fiziki we psihologik usullary hakynda ýazarys. Saglyk barada rubrikamyzy yzarla.
Ginekologymyza soragyň bolsa, ginekolog@joralar.com poçta salgysyna ýaz

Jogap ýaz