Jora, sen gündelik ýaşaýyşda “sowuklama (wospaleniýe)” sözüni nähili ýygylykda eşidýärsiň? Biziň jemgyýetimizde bu söz, esasan, aýal reproduktiw-jynsy saglygy hakynda gürrüňlerde ulanylýar. Aýbaşy sikliniň bozulmagy, jynshananyň biosenozynyň bozulmagy, ýumurtgalyklaryň çişleri we kistalary, ýatgynyň miomasy we beýlekiler — türkmen jemgyýetinde şu sanalan bozulmalaryň ählisine, köplenç, aýal jyns agzalarynyň “sowuklamasy” diýilýär. Ýöne bu uly ýalňyşlyk. Iň esasy ýeri bolsa, dürli-dürli kesellere bir jemleýji at bermek keseliň doly kesgitlenmegine we döwrebap bejerilmegine päsgel berip biler. Biz onuň sebäplerini düşündireris.
“Sowuklama” näme?
Sowuklama — bu dokumalara zeper ýetmegine ýa-da kesel döredijiniň hereketine jogap hökmünde ýüze çykýan ýerli ýa-da ulgamlaýyn proses.
Ýagny, bu bedeniň goranyş reaksiýasy. Onuň kömegi bilen beden biologik dokumalarynyň zeperlenen ýerini dikeltmäge synanyşýar. Sowuklama keseliň mehanizminiň bir bölegi, ýöne onuň ady däl! Şonuň üçin hem hemme keseli “sowuklama” diýip atlandyrmak dogry däldir, bolmasa, keselleri biri-birinden saýgaryp bolmaz, meselem, mioma bilen jynshananyň florasynyň bozulmasynyň aratapawudy bilinmez. Şunuň ýaly aratapawut ýitse, onda keseliň kesgidini (diagnozyny) goýmakda we bejergisinde ulanylýan usul ýalňyş bolup biler. Netijede, kesel ötüşýär we gaýraüzülmeler (keseliň beterleşip, has howply kesellere ýazmagy, öwrülmegi) ýüze çykýar.
Sen näme edip bilersiň?
- Haçan-da sen saglygyň bilen baglanyşykly arz-şikaýat bilen lukmana ýüz tutaňda, lukmandan seniň keseliň barada pikirini ýa-da anyklan keseliniň adyny hemişe sora. Ýöne “sowuklama” sözi kabul edilmeýär, sebäbi ol kesgit bolup bilmeýär.
- Eger sen diňe “sowuklama” sözüni däl-de, öz kesgidiň hakyky adyny ýatda saklasaň, onda geljekde bejeriji lukmana seni bejermek has aňsat düşer. Seniň artykmaç wagt gidirmezden, keselden saplanmaga ýa-da dowamly (hroniki) keseliň güýjemesini ýeňmäge mümkinçiligiň has ýokary bolar.
- Jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň köpüsi (trihomoniaz, hlamidioz, merezýel/sifilis, AIW ýokançlygy we beýlekiler) köp beýleki kesellerde bolşy ýaly, dokumalaryň sowuklamasyna sebäp bolup biler. Emma, meselem, trihomoniaz we merezýel düýbünden başgaça bejerilýär. AIW ýokançlygynda bolsa, hlamidiozdan tapawutlylykda ömür boýy bejergi alyp ýaşamaly bolýar. Şonuň üçin haçan-da saňa jynsy agzalaryň sowuklamasynyň bardygyny aýdanlarynda, onda sende haýsy patogeniň (mikroorganizmiň) tapylandygyny sorap, hökman anyklamalysyň. Diýmek, keseliň kesgidi, bejergisi we degişli prognozy şeýle bolmaly.
Jora, öz saglygyňy gora! Keseliň kesgidini “sowuklama” diýip atlandyrma!
Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin saglyk barada rubrikamyzy yzarla. Ginekologymyza soragyň bolsa, ginekolog@joralar.com poçta salgysyna ýaz.

Jogap ýaz