“Gimen” – bu näme zat?

gimen

Jora, sen eýýäm gyzlyk perde ýa-da gimen ýaly tema hakynda köp eşidensiň. Bu aýalyň anatomiki bölegi barada asyrlar bäri stereotipler döräp, olar aýal-gyzlaryň ykbalyna uly täsir edýär. Ýöne bol olara medisina we jemgyýet tarapyndan seredip göreli, gyzlyk perdäniň nämedigini we näme sebäpli hiç zadyň üstünde uly şowwuldy döräni barada anyklaly.

 

“Gimen” – bu näme zat?

Gyzlyk perde (waginal koronasy, gimen) – bu kiçijek, jynshananyň girelgesiniň başynda ýerleşýän birleşdiriji dokumadan ybarat gasyn. Köp medeniýetlerde gimenyň barlygy – bu gyzda waginal jyns aragatnaşygyň bolmadygy barada subutnama bolan düşünjeler bar. Emma bu düşünjeler doly dogry däl. Indi DSG (Dünýa Saglyk goraýyş Guramasy) tarapyndan anyklanan faklara seredeli.

 

Что говорят в ВОЗ?

  • Gimena bolan barlagda hiç hilli lukmançylyk ýa-da ylmy esaslylygy ýok.
  • Aýal-gyzlaryň käbir prosenty gimensyz dogulýar.
  • Gimenyň ýoklugy waginal penetrasiýa (waginal giriji jyns gatnaşygy) barada hiç subutnama bolup bilenok.
  • Gimena, onuň bar ýagdaýynda, fiziki agramlar, sport bilen meşgulanmak, tampon ulanmak we ş.m. zyýan ýetirip bilýär.
  • Gimenyň bar ýagdaýynda birinji waginal jyns gatnaşykda gan gelmänem bilýar. 
  • Dünýäde şu günki wagtda aýal-gyzlarda waginal jyns aragatnaşyk boladygy barada bilmek üçin hiç hilli hakyky usul ýok.

DSG boýunça, «gyzlyk» – bu lukmançylyk ya-da ylym terminy bolman, ol jemgyýet, medeniýet we din konsepsiýasy bolup, aýal-gyzlara garşy bolan diskriminasiýany görkezýär. 

DSG bu lukmançylyk taýdan gereksiz bolan, aýal-gyzlara agyrly, kemsidiji we şikesdiriji tejribäni bes etmäge çagyrýar.

gimen

 

Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin saglyk barada rubrikamyzy yzarla. Ginekologymyza soragyň bolsa, ginekolog@joralar.com poçta salgysyna ýaz.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.