Pul serişdeleriňi nädip tertibe salmaly?

Pul/Photo by Jess Bailey on Unsplash

Jora, sen öz büjetiňi (pul serişdeleriňi) nädip dolandyrýarsyň? Pul aýryp goýýarsyňmy? Girdejiňi köpeltmegiň we çykdajyňy azaltmagyň täze usullaryny gözleýärsiňmi? Pandemiýa sebäpli bütindünýä çökgünlik (krizis) bize duýdansyz işsiz we durnukly gazançsyz galmagyň nähili aňsatdygyny ýatlatdy. Şonuň üçin biz iş we pul serişdeleri barada has ýygy ýazmaly diýen netijä geldik, sebäbi pul diňe sowmak üçin serişde bolman, ol bize rahatlyk, asudalyk berip bilýän, ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga, beýlekilere kömek etmäge we dünýäni gowulaşdyrmaga mümkinçilik berip bilýän netijeli guraldyr. 

Şu gün biz büjetiňi ýöretmegiň usullary barada gepleşeris. Köp adam üçin bu çykdajylaryň gündelik ýazgylaryny we sowulan pullaryň aýlyk hasaplamalaryny ýöretmegi aňladýar. Emma beýleki usullar hem bar. Büjeti ýöretmek bizi “artykmaç sowmak” gorkusyndan halas edýär, maksatlarymyzy amala aşyrmaga, tygşytlanan pullarymyzyň bolmagyna kömek edýär.  

 

50/30/20 usuly

Seniň girdejiň 50% her aýky zerurlyklara — öýjükli aragatnaşyk, internet üçin tölemäge, ýol kireýe, iýmit önümlerini almaga gidýär.

Girdejiniň 30% isleglere gidýär. Dürli isleg bolup biler — daşaryda nahar iýmek, kitap, kosmetik serişdeleri, egin-eşik satyn almak üçin we beýleki çykdajylar.

Galan 20% tygşytlaýan pulumyza (her hili günler üçin ätiýaçlyk pul) we ýörite maksatlar üçin süýşürilip goýulýar. 

 

“Ilki özüňe töle” usuly 

Büjetimizi gözden salmajak bolup elimizden gelenini edýäris, emma aýyň ahyrynda süýşürip goýar ýaly hiç zadyň galmandygyny görüp galýarys. Şunuň ýaly ýagdaý indi gaýtalanmaz ýaly, eliňe pul düşen badyna girdejiniň 20% aýryp goýmagy barlap gör. Onsoň sen puly tygşytlamak barada pikir etmän, galan puly arkaýyn sowup bilýändigiňi görersiň.

 

Bukja (konwert) usuly 

Bu usul diňe nagt pullarda edilýär. Girdejiňi toparlara bölmeli, her topar üçin aýratyn bukja edinmeli. Bir bukjadaky pul gutaranda, beýleki bukjadan pul alyp sowman, indiki aýa garaşmaly. 

Bu usulda çykdajylary görüp bilýärsiň. Kartdaky puluňy sowaňda, büjetiňden artykmaç sowmak aňsat, sebäbi näçe sowýanyňy duýmaýarsyň. Nagt pul sowaňda bolsa biraz başgaça bolýar.

 

KaKeWo usuly 

Büjetiňi dolandyrmagyň bu usuly Ýaponiýada oýlanyp tapyldy. Ol ýokarda sanalanlardan çylşyrymlyrak, ýöne örän gowy oýlanyşylan.

KaKeWo usuly ähli girdejileriň we çykdajylaryň bellenilmegine we gözegçilik edilmegine esaslanýar. Onuň  kömegi bilen büjeti meýilleşdirmek we az bolsa-da, yzygiderli pul tygşytlamak mümkindir.

Saňa iki sany bloknot gerek bolar: uly bloknot — aý boýunça pul meýilnamalaryň üçin, kiçisi — günüň dowamyndaky ähli çykdajylaryňy ýazmak üçin. Uly bloknot öýde galýar, kiçini bolsa hemişe ýanyňda göterýäň. Ulusyna indiki aý üçin büjetiňi meýilleşdirmegiň tablisasyny düzýärsiň — bu tablisada bolsa üç sany hökmany element bolýar: aý boýunça girdeji meýilnamasy, aý boýunça çykdajy meýilnamasy, tygşytlajak puluň meýilnamasy.

Girdejiler meýilnamasynda aý boýunça gelen pullaryň ählisi ýazylýar. Ilki bilen seniň anyk bilýän girdejileriňi, meselem aýlyk hakyňy ýazmaly. Ondan soňra şol aýyň dowamynda ýene pul girdejiň bolsa, olary hem goşmaly.

Çykdajylar meýilnamasynda aý boýunça hökmany, hemişe gaýtalanýan çykdajylary görkezmeli. Tygşytlanan pullar meýilnamasyna şu aý süýşürmegi meýilleşdirýän möçberiňi ýazmaly.

Ondan soň bolsa bir aý boýunça “üýtgäp durýan çykdajylaryň möçberini” kesgitlemek üçin kiçijek hasaplama etmek gerek bolýar. Munuň üçin ähli girdejileriň möçberinden ähli çykdajylaryň möçberini we tygşytlamagy meýilleşdirýän möçberiňi aýyrmaly. Muny formulada görkezsek:

Üýtgäp durýan çykdajylar = girdejileriň möçberi – çykdajylaryň möçberi – tygşytlamagy meýilleşdirýän möçberiň

Indi alan möçberimizi 4 topara bölýäris:

  1. Ýaşaýyş çykdajylary: iýmit önümleri, egin-eşik, köwüş, gündelik ulanylýan himiki serişdeler, öý üçin dürli ownuk-uşak zatlar. 
  2. Medeni we bilim çykdajylary: kino, muzeýe, sergilere we konsertlere gitmek, kitap satyn almak, türgenleşikler, webinarlar, kurslar.
  3. Dynç almak we göwnüňi açmak üçin çykdajylar: restorana, kafe gitmek, gezelençler.
  4. Garaşylmadyk çykdajylar: bejergi, abatlaýyş (remont), ýakyn adamlara kömek üçin çykdajylar.

Şu çykdajylary öňünden 100% esasynda göterim gatnaşygynda paýlamaly. Ýaşaýyş çykdajylary, adatça, iň köp paýy eýeleýär. Beýleki çykdajylaryň paýy hemişe üýtgäp durýar, emma hut olary sazlamak we peseltmek aňsadrakdyr. 

Aýyň ahyrynda bloknoda ýazan ähli çykdajylarymyz jemlenýär, böleklere paýlanýar we umumy jem hasaplanyp çykarylýar. Şeýlelikde, sen her aý näçe pul sowýanyňa we nämä sowýanyňa, meýilleşdiren pul möçberiň näçerägini süýşürip bilýändigiňe we haýsy çykdajylary gaýtadan gözden geçirmelidigine düşünýärsiň.

Jora, sen haýsy usuldan peýdalanmagy barlap görerdiň? Entek bolsa beýleki peýdaly mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin pul we iş barada rubrikamyzy yzarla.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.