1-nji bölüm
Jora, heniz ginekolog bilen göwreliligi meýilleşdirip ýetişmänkäň, jynsy gatnaşyk bolup geçýän ýagdaýlary bolup bilýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda seniň pikirlenmäge wagtyň örän az bolýar, garaşylyp bilinjek göwrelilige taýýardygyňy ýa-da däldigiňi bir-iki günüň içinde çözmeli bolýarsyň.
Eger goralmadyk jynsy gatnaşyk bolup geçen bolsa, sen hem göwrelilige taýýar däl bolsaň, onda gyssagly kontrasepsiýadan (GK) peýdalanyp bilersiň.
GK dermanlarynyň ulanylmagyna dünýäniň köp ýurtlarynda rugsat berilýär we olaryň köpüsiniň dermanhanalarynda erkin satylýar. Gynansak-da, bizde Türkmenistanyň çäklerinde rugsat berlen dermanlaryň hasaba alnan sanaw dokumenty ýok. Emma biz GK dermanlarynyň ýurdumyzyň dermanhanalarynda erkin satylýandygyny bilýäris we olary ulanmak Saglygy goraýyş ministrligimiz tarapyndan rugsat berilýär diýen netijä gelýäris.
Şu we indiki postumyzda biz GK-niň nämedigi, ony haçan we nähili ýygylykda içmelidigi we muny nädip etmelidigi barada giňişleýin aýdyp bereris.

Haýsy ýagdaýlarda gyssagly kontrasepsiýa gerek bolup biler?
Eger sen göwreliligiň öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmeýän bolsaň (ýatgy içi spiral goýulmadyk bolsa, ýörite tabletkalary içmeýän bolsaň, prezerwatiw ulanmaýan bolsaň we ş.m.) we jynsy gatnaşyk bolup geçen bolsa, onda meýilleşdirilmedik göwreliligiň emele gelmeginiň uly howpy ýüze çykýar.
Eger sen göwreliligiň öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirseň hem:
- tabletkany içmegi ýatdan çykaran bolsaň
- jynsy gatnaşykda prezerwatiw ýyrtylan bolsa
- ýatgy içi spiralynyň bellenilen ulanyş wagty dolan bolsa
- jynsy gatnaşygyň arasyny kesmek şowsuz bolan bolsa (ýoldaşyň ujydyny jynshanadan çykarmaga ýetişmän, spermi onuň içine döken bolsa)
– sende meýilleşdirilmedik göwreliligiň emele gelmeginiň uly howpy ýüze çykýar.
Gyssagly kontrasepsiýa dermanlary şeýle hem jynsy zorlukdan soňra
göwrelilikden goranmak üçin giňden ulanylýar.
GK dermanlary we usullary abort etmek üçin niýetlenen däldir (!) – olar eýýäm bar bolan göwreliligi togtadyp bilmeýär.
Olaryň wezipesi — erkeklik jyns öýjüginiň aýal jyns öýjügini tohumlandyrmagyna päsgel bermek.
Gyssagly kontrasepsiýa dermanlary we usullary näme?
Bu göwreli bolmakdan goraýan ýörite tabletkalar. GK usullaryna goragsyz jynsy gatnaşykdan soňra belli bir günler geçmänkä ýatgy içi spiralyny goýmak hem degişlidir.
Gyssagly kontrasepsiýa nä derejede netijeli?
BSG-a (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna) laýyklykda, GK dogry ulanylan ýagdaýynda, ýagdaýlaryň 95% we ondan köpüsinde göwreliligiň öňüni alyp bilýär.
Gyssagly kontrasepsiýa nä derejede howpsuz?
BSG-a laýyklykda, GK dermanlaryny we usullaryny kimleriň ulanyp biljekdigine degişli lukmançylyk garşy görkezmeleri ýok. Olar geljekde göwreli bolmak mümkinçiligine täsir etmeýär.
Gyssagly kontrasepsiýa nädip ulanmaly?
Goralmadyk jynsy gatnaşykdan soňra haýal etmän, maslahat üçin ginekologa ýüz tutup bilersiň ýa-da gyssagly kontrasepsiýa tabletkalaryny dermanhanada özbaşdak satyn alyp bilersiň (olary lukmanyň ýazan derman haty bolmasa-da satyn alyp bilersiň).
Göwreliligiň gyssagly öňüni alyş usullarynyň ýene-de biri haýal etmän ýatgy içi spiral goýdurmakdyr. Muny hassahana şertlerinde diňe lukman edip biler.
Gyssagly kontrasepsiýany hemişe her goralmadyk jynsy gatnaşykdan soň içseň bolýarmy?
Munuň ýaly etmek maslahat berilmeýär. Hemişelik esasda göwreliligiň gyssagly däl-de, meýilleşdirilen öňüni alyş çäresini ýerine ýetirmek has gowudyr — şeýlelikde, göwreli bolmak howpy az bolýar.
Gyssagly kontrasepsiýa ulanandym, ýöne şonda-da göwreli boldum. Men näme etmeli?
Eger GK dermanlarynyň peýdasy degmän, göwrelilik bolan bolsa, onda indi göwreliligi emeli ýol bilen togtatmaly bolýar. Biziň ýurdumyzyň kanunlaryna laýyklykda, aýal göwrelilik 5-nji hepdesine ýetýänçä öz islegi boýunça çagany aýyrdyp bilýär. Wagt geçirmeli däl. Mümkin boldugyça basym lukmana ýüz tutmaly.
Men gyssagly kontrasepsiýa ulandym, emma şonda-da göwreli boldum. Indi bolsa çagany aýyrtmak islämok. Çaga kemli bolarmy?
Ýok. GK dermanlarynyň göwrelilige ýaramaz täsiriniň hasaba alnan wakalary ýok,
Jora, şu materialyň seniň üçin peýdaly bolandygyny umyt edýäris. Indiki gezek biz gyssagly kontrasepsiýa tabletkalarynyň has netijeli bolmagy üçin olary nädip dogry içmelidigi barada aýdyp bereris. Ginekologymyza soragyň bolsa, ginekolog@joralar.com poçta salgysyna ýaz.

Jogap ýaz