Jora, gel tanyşaly!
Belki, blogymyzdaky postlary okap, sende “Bu zatlary kim ýazýarka?” diýen sorag ýüze çykandyr. Aramyzdaky gatnaşygyň has ynamly bolmagy üçin has ýakyndan tanyşmaly wagtymyz geldi.
Jora kim?
Biziň toparymyz 4 sany gyzdan ybarat, olar: pediatr, akuşer-ginekolog, psiholog we terjimeçi. Biz toparymyza guwanýarys, sebäbi biz Türkmenistandaky her bir gyzyň we zenanyň saglyk we sosial ösüş barada gerekli maglumaty edinip bilmegi üçin zähmet çekýäris.
Okyjymyzyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine biz örän içgin düşünýäris — biziň hemmämiz diýen ýaly ýurdumuzda, jemgyýetimizde önüp ösdük. Hem-de aýbaşy, kontrasepsiýa (göwreliligiň öňüni alyş), bilim almak mümkinçilikleri we beýlekiler barada gerekli maglumatlar biz üçin elýeter däldi. We pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň gyzlary we zenanlary bilen bilimimizi paýlaşmagy möhüm gördük. Bilimiň bize saglygymyzy goramaga, zyýanly gatnaşyklardan uzak durmaga kömek edýändigine we hünär taýdan öz ornumyzy tapmak üçin mümkinçilik berýändigine ynanýarys. Eger biziň bilimimiz we tejribämiz saňa durmuşyň dürli ýagdaýlaryndan baş alyp çykmaga kömek etse, örän şat bolarys.
Biziň işleýiş görnüşimiz
Biziň esasy maksadymyz — okyjylarymyzyň sag-salamatlygy. Şonuň üçin blogda beýan etjek temalarymyzy saýlan wagtymyz biz esasan okyjylarymyzyň isleglerinden we talaplaryndan ugur alýarys. Şeýle hem, kyn wagtyňda ýeke däldigiňi görkezmek üçin abunaçylarymyzyň rugsady bilen olaryň hakyky başdan geçirmeleriniň psihologik taýdan seljermesini geçirip durýarys. Şol bir wagtda başdan geçirmelerini paýlaşan okyjylarymyzyň anonimligini saklaýarys.
Biziň okyjylarymyzyň howpsuzlygy — Joranyň işiniň esasy ýörelgeleriniň biri!
Biziň düzgünlerimiz nähili?
Toparymyzda hoşniýetli we oňaýly ýagdaýy gorap saklamak üçin biz Joranyň gymmatlyklary we size haýsy meseleler boýunça kömegimiziň degjekdigi barada giňişleýin ýazmaly diýen karara geldik.
Joranyň gymmatlyklary:
- Adamkärçilik we birek-birege hormat goýmak;
- Gender deňligi (feminizm);
- Delilli lukmançylyk;
- Psihologik sowatlylyk (sowatly aragatnaşyk etmäge, gatnaşyk gurmaga, täsir etmäge we täsire garşylyk görkezmäge bolan ukyp, başarnyk we türgenlik);
- Saglyk we jynsy aň-bilim çäginde esasy, ýokary hilli maglumat almaga bolan hukuk.
Jora näme meselelerde kömek edip biler?
- Biz halkara saglygy goraýyş çeşmelerinden alynan saglyk ugurlary boýunça ygtybarly maglumatlary size ýetirýäris;
- Giňden ýaýran psihologik meseleler barada professional psiholog tarapyndan ýazylan postlary çykarýarys;
- Haýsy hem bolsa bir meseläni çözmek üçin şahsy (subýektiw) başdan geçirmelerimizi paýlaşýarys;
- Bilim we hünär taýdan ösmek üçin ruhlandyrmaga çalyşýarys.
Biz lukmançylyk kömegini ýa-da lukmançylyk maslahatlaryny bermeýäris, derman hatyny ýazyp bermeýäris we nähilidir bir derman görnüşlerini maslahat bermeýäris.
Jorada şular gadagan:
- Pikiriňi edepsiz, paýyş sözler bilen aňlatmak;
- Islendik görnüşde seksizmi, milletparazlygy, jynsparazlygy (rasizm) amal etmek;
- Gatnaşyjylara gender (jynsy), milli, dini, hünär, ýaş alamatlary boýunça dil ýetirmek we hukuklaryny kemsitmek;
- Postlaryň teswir bölümlerinde Joranyň gymmatlyklaryna hiç bir dahyly bolmadyk reklama goýmak;
- Abunaçylaryň razylygy bolmazdan, olar barada şahsy maglumaty ýaýratmak;
- Soraga jogap berilmegini sorap, birden köp gezek ýazmak. Biz size soragyňyzy alandygymyzy ýazan bolsak, başardygymyzça tiz wagtda yzyna jogap ýazarys.
Şu düzgünleri bozan abunaçylar moderatorlarymyz tarapyndan bloklanyp bilner.
Eger başyňyza gaýragoýulmasyz çykalga talap edýän ýagdaý düşen bolsa, aşakdaky telefon belgilere ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.
Möhüm belgiler:
- Tiz lukmançylyk kömegi: 03
- Maşgalada zorlugyň pidasy bolanlar üçin gyzgyn liniýa (“Keýik Okara” guramasy): +99312 22-86-68
- Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) ýetginjek gyzlar üçin ynanç telefony: +99312 22-93-89
Biz bilen nädip habarlaşmaly?
- Bize Instagramda @joralar arkaly ýa-da jora.sahypa@gmail.com elektron poçtamyza ýazyp bilersiň.
- Eger ginekologa sorag bermek isleseň, ginekolog@joralar.com salgysyna ýaz.
- Eger psihologa soragyň bar bolsa, şu salga ýaz: psiholog@joralar.com
- Ýa-da habarlaşmak üçin şu sahypany ulan: şu ýere bas.
- Şeýle hem, peýdaly salgylary (ssylkalary) we materiallary paýlaşýan kiçiräk telegram kanalymyz bar.
Gel, jora bolaly!
Seniň Joraň
