Author: admin

Baş Sahypa / admin
Duýgularymyza erk etmegi öwrenýäris
Post

Duýgularymyza erk etmegi öwrenýäris

Jora, belkem, durmuşda ýaramaz duýgulary nädip has aňsat geçirmelidigini öwrenesiň gelen wagtlar bolandyr. Muny nädip edip bolýandygyny şu gün aýdyp bereris. Ýaramaz duýgular örän möhümdir we olara üns bermezlik etmeli däldir, sebäbi olar saňa kyn wagtlary ýeňip geçmäge, lapykeçligiň, ýitginiň hötdesinden gelmäge, şeýle hem möhüm netijelere gelmäge kömek edýär. Emma şol bir wagtyň özünde hem...

Ýumurtgalyklaryň kistasy barada toslamalar
Post

Ýumurtgalyklaryň kistasy barada toslamalar

Jora, haçan hem bolsa bir wagt ýumurtgalyklaryňda kista boldumy? Kista her bir gyzda, azyndan, ömründe bir gezek bolan bolsa gerek. Ýumurtgalyklaryň kistasy köp duş gelýän hem bolsa, olaryň tebigaty ylmy taýdan kesgitlenen hem bolsa, olaryň ýüze çykmagy barada henizem köp toslama bar. Şu gün şol toslamalary ýok edip, hakyky faktlara serederis. Ýumurtgalygyň kistasy — bu...

Okajak bilen söhbetdeşlik
Post

Okajak bilen söhbetdeşlik

Jora, şu gün biz seniň bilen täze söhbetdeşligi paýlaşarys. Bu gezek biz Okajak taslamasyny esaslandyran gyzlar bilen gepleşdik. Eger sen heniz olaryň sahypasyna ýazylmadyk bolsaň, onda häzir tüýs wagtymyka diýýäris. Näme üçin?  Söhbetdeşligi okap gör we muny özüň anykla. Teswirlerde öz pikiriňi ýaz ýa-da Okajak taslamasynyň esaslandyryjylaryna goşmaça soraglar ber.   Bize Okajak taslamaňyz barada...

iş
Post

Birnäçe ähmiýetli kampaniýalaryň esaslandyryjysy bilen söhbetdeşlik

Jora, eger sen haçan hem bolsa bir wagt üstünlikli kär bilen çagalaryň terbiýesini bilelikde deňagramly ýöretmegiň usulyny gözlän bolsaň, şu gün bu soragyň jogabyny tapyp bilersiň. Jemgyýet üçin birnäçe ähmiýetli kampaniýalaryň esaslandyryjysy we iki çaganyň ejesi Näzik (Instagram @nazik.avlyakulova) bize öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Nädip saýlamalydygy, özüňe bolan ynamy nädip ösdürmelidigi we şeýdip öz...

gazlaýting
Post

Gazlaýtinge nädip garşylyk görkezmeli?

Jora, geçenki postda biz seniň bilen gazlaýting barada gepleşdik. Manipulýasiýanyň bu görnüşi dürli-dürli şekillerde bolup biler, ýöne olaryň ählisiniň esasynda şu düşünje bar: “Seniň kelläň doly däl. Özüňe ynanma, maňa ynan. Saňa aýdýan zatlarymyň hemmesini et.” Islendik manipulýasiýa garşy durmagyň iň gowy usuly şol adam bilen aragatnaşygy kesmek ýa-da ondan çetleşmek we onuň bilen araňda...

gazlaýting
Post

Gazlaýting. Akyl derejäňe şübheleneňde

Jora, sen kimdir biri bilen aragatnaşyk edeňde dünýä dogry akyl ýetirmäge bolan ukyplaryňa şübhelenip başlan ýagdaýlaryň boldumy? Şunuň ýaly pursatlarda daş-töweregiňdäkilere geň-taň görünmezlik üçin ýygrylyp, göze ilmekden gaçýarsyň, öz pikiriňi goramaga çalyşman, hemmeler bilen ylalaşyp, akym boýunça gidiberesiň gelýär. Emma şunuň ýaly şübhelere seni öz bähbidine ulanmak (manipulirlemek) isleýän gürrüňdeşiň hem sebäp bolup bilýändigini ýatda...

kitaplar
Post

Her bir gyzyň okamagyna degýän eserleri

Jora, a sen boş wagtyňy kitap okap geçirmegi halaýaňmy? Eger hawa, seň üçin biz, öz pikirimizçe, her bir gyzyň okamagyna degýän eserleri taýýarladyk.    “Kiçijek zenanlar”, Luiza Meý Olkott (“Little Women” by Louisa May Alcott) Març maşgalasynyň dört sany dürli häsiýetli gyzlary bilen tanyşyp bilersiň: Meg – iň dogruçyl we romantiki, Jo – ýubkaly barypýatan...

prokrastinasiýa
Post

Prokrastinasiýa – bu näme we onuň bilen näme etmeli?

Jora, şeýle göz öňüne getireli, irden sen birnäçe işleri etmegi planlaýarsyň, emma uzak gün başga işler bilen gümra bolup, planlan işiňi soňa goýýaň. Okuwyňa ýa-da işiňe degişli ýumuş saňa garaşyp dur, ýöne sen telefondan ünsüňi sowup bilmeýärsiň. Birden egin-eşikleri şkafa bireýýäm ýerleşdirmelidigiň ýadyňa düşýär. Şol etmeli işiňi günüň ahyrynda ýa howlugyp edýäň ýa-da ony ýene-de...

aýralyk
Post

Öňki gatnaşykdan nädip bagyňy üzmeli?

Jora, biz Instagram sahypamyzda aýralykdan soňra nädip özüňi ele almalydygy barada soraglara jogap berdik. Bu jogaplary sen biziň sahypamyzda “Sorag-Pikir” atly saklanyp goýlan istoriýalarda tapyp bilersiň.  Şu gün biz hatda birnäçe ýyllar geçse-de gutaran gatnaşykdan näme üçin bagyňy üzüp bolmaýandygy we näme etmelidigi barada aýdyp bereris.  Gatnaşykda ýoldaşyň saňa mähirli duýgulary we şatlykly joşgunlary berdi....

toý
Post

Toýdan öň gepleşilmeli zatlar

Jora, seniň pikiriň boýunça, toýdan öň ýoldaşyň bilen nämeler hakynda gepleşmek zerur? Nika baglaşmak — bu jogapkärçilikli çözgüt. Şonuň üçin hem öňünden pikirlenip, geljekki bilelikdäki durmuşyňyz barada pikirlenip, onuň nähili boljakdygyny göz öňüne getirmek ýerlikli hereketdir. Biri-biriňiziň pikirleriňizi we garaşýan zatlaryňyzy bilmek üçin gepleşip biljek temalaryňyzyň käbirini size ýetirýäris.   Çagalara degişli garaýyş Geljekde öýke-kine...