1-nji bölüm Jora, heniz ginekolog bilen göwreliligi meýilleşdirip ýetişmänkäň, jynsy gatnaşyk bolup geçýän ýagdaýlary bolup bilýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda seniň pikirlenmäge wagtyň örän az bolýar, garaşylyp bilinjek göwrelilige taýýardygyňy ýa-da däldigiňi bir-iki günüň içinde çözmeli bolýarsyň. Eger goralmadyk jynsy gatnaşyk bolup geçen bolsa, sen hem göwrelilige taýýar däl bolsaň, onda gyssagly kontrasepsiýadan (GK) peýdalanyp...
Author: admin
Pul serişdeleriňi nädip tertibe salmaly?
Jora, sen öz büjetiňi (pul serişdeleriňi) nädip dolandyrýarsyň? Pul aýryp goýýarsyňmy? Girdejiňi köpeltmegiň we çykdajyňy azaltmagyň täze usullaryny gözleýärsiňmi? Pandemiýa sebäpli bütindünýä çökgünlik (krizis) bize duýdansyz işsiz we durnukly gazançsyz galmagyň nähili aňsatdygyny ýatlatdy. Şonuň üçin biz iş we pul serişdeleri barada has ýygy ýazmaly diýen netijä geldik, sebäbi pul diňe sowmak üçin serişde bolman,...
Narsissler – olar kimler?
Jora, belki sen käbir adamlaryň daş-töwerekdäki adamlara garşy özlerini zyýan berijilikli alyp barýandyklarynyň sebäbine düşünip bilmedik wagtlaryň bolandyr. Munuň hemişe sebäpleri bardyr, olardan biri hem — şahsyýetiň narsissik bozulmasy. Narsissler – olar kimler? Şahsyýet bozulmasy – bu näme? Şahsyýet bozulmasy — adamyň özüniň we ýakynlarynyň ýaşaýşyna ýaramaz täsir edýän özüni alyp baryş usulyndan aýrylyp...
“Gimen” – bu näme zat?
Jora, sen eýýäm gyzlyk perde ýa-da gimen ýaly tema hakynda köp eşidensiň. Bu aýalyň anatomiki bölegi barada asyrlar bäri stereotipler döräp, olar aýal-gyzlaryň ykbalyna uly täsir edýär. Ýöne bol olara medisina we jemgyýet tarapyndan seredip göreli, gyzlyk perdäniň nämedigini we näme sebäpli hiç zadyň üstünde uly şowwuldy döräni barada anyklaly. “Gimen” – bu näme...
Göwrelilik nädip emele gelýär?
Jora, şu gün biz saňa nädip göwrelilik emele gelip biljek usullary barada maglumat beresimiz gelýär. Bize bu tema barada okajylarymyz köp soraglar ýazdy. We bu wajyp meselede biz hemme miflary aýryp, ylym maglumaty ýazdyk. Göwrelilik haçan emele gelip bilýär? Göwrelilik emele gelip bilýär: goranylmadyk (kontrasepsiýa usullary ulanylmadyk) giriji waginal, jynshananyň içine döl dökülmegi bilen tamamlanýan...
Нормальная менструация: какой она может быть?
Jora, belki sen eýýäm başga adamlardan ýetginjeklik wagtynda bedende bolup geçýän özgerişmeler barada köp toslamalar eşidensiň. Şol sebäpli sende kadaly aýbaşy barada köp soraglar ýüze çykandyr. Şonuň üçin şu gün biziň ginekologymyz adaty aýbaşy hakda aýdyp berer. Adaty aýbaşy Ilkinji aýbaşy (menarhe) 10-15 ýaş aralykda bolýar. Iki aýbaşynyň aralygy 21-35 günden ybarat. Menarhedan soň 6...
Ginekologiki barlag: nämeler bolar?
Jora, a sen ginekologik barlagyň nähili geçýändigini bilýärsiňmi? Gyzlaryň köpüsi ginekologa görünmekden gorkýandyklaryny aýdýarlar. Bu gorkunyň sebäbi takyk däl — köplenç, olaryň köpüsi nädip taýýarlanmalydygyny bilmeýärler, beýlekiler barlag wagty agyry duýmakdan gorkýarlar, üçünji topar bolsa lukmanyň olara garşy özüni gödek alyp barmagyndan çekinýär. Şu sebäpler bolsa ýylda geçilmeli öňüni alyş barlagy üçin lukmana ýüz tutmakdan...
Agyryly aýbaşy: ginekologyň maslahatlary
Aýbaşy agyrysy ginekologa ýüz tutmagyň köp duş gelýän sebäbidir. Instagramda bize, köplenç, abunaçylarymyzdan aýbaşy agyryly bolanda näme etmelidigi hakynda soraglar gelýär. Ilki bilen, gel, kadaly aýbaşynyň nähili bolýandygyna seredeli. Kadaly aýbaşy barada Myşsadan ybarat bolan agzamyz – ýatgynyň ýygrylmagynyň netijesinde ganly bölünip çykmalar emele gelýär. Bu bolsa gyzlaryň köpüsinde oňaýsyzlyk duýgusyna we garnyň aşagynda...
Ýaramaz gatnaşyklardan nädip çykmaly?
Jora, biz öň güýç ulanmaga meýilli ýoldaşyň häsiýetiniň aýratynlyklary hakynda ýazypdyk. #jora_gatnaşyklar tegi boýunça bu tema boýunça ýazylan Instagramdaky postlary tapyp bilersiň. Ýaramaz gatnaşykdadygyňa we ony gowulyga tarap üýtgedip bilmeýändigiňe düşünen bolsaň, onda munuň ýaly gatnaşygy mümkin boldugyça tiz bes etmek üçin näme etmelidigi hakynda pikirlenmegiň wagty geldi. 1. Taýýarlan. Aýrylyşanyňdan soňra näme bilen...
Güýçli zenanlar hakynda 5 serial
Jora, sen serial görýärsiňmi? “Hawa” bolsa, onda şu günki makalamyz saňa hökman ýarar. Sebäbi şu ýygyndymyzda duýgularyňy joşdurjak we geljekki pikirleriňe ylham berjek ajaýyp seriallary tapyp bilersiň. Geçen gezek biz seniň bilen güýçli zenanlar hakynda filmleriň ýygyndysyny paýlaşdyk. Şol posty Instagram akkaundymyzda 200-den gowrak adam saklap goýdy (sohranit etdi), şonuň üçin biz häzirki zaman kino...









