Jora, sen kimdir biri bilen aragatnaşyk edeňde dünýä dogry akyl ýetirmäge bolan ukyplaryňa şübhelenip başlan ýagdaýlaryň boldumy? Şunuň ýaly pursatlarda daş-töweregiňdäkilere geň-taň görünmezlik üçin ýygrylyp, göze ilmekden gaçýarsyň, öz pikiriňi goramaga çalyşman, hemmeler bilen ylalaşyp, akym boýunça gidiberesiň gelýär. Emma şunuň ýaly şübhelere seni öz bähbidine ulanmak (manipulirlemek) isleýän gürrüňdeşiň hem sebäp bolup bilýändigini ýatda saklamaly. Manipulýasiýanyň bu görnüşine gazlaýting diýilýär.
Gazlayting – bu näme?
Gazlaýting — bu psihologik zulumyň bir görnüşi bolup, onda manipulýator pidanyň aňyna özüniň kadaly däldigi hakynda pikirleri ornaşdyrýar. Manipulýatoryň esasy maksady — günälilik, bulam-bujarlyk, utanç duýgusyny oýarmak, adamda öz ukyplaryna bolan şübhäni emele getirmek. Adam özüne bil baglamagy goýansoň, manipulýator hemme zady öz isleýşi ýaly etdirmäge başlaýar: “Men nämäniň dogrudygyny has gowy bilýän (özüm çözýän)” ýaly sözlemler ulanyp biler.
“Gazlaýting” adalgasy 1944-nji ýylda çykan
“Gaz ýagtysy (iňl. Gaslight)” filminden soňra peýda boldy.
Bu filmde adamsy aýalynyň baýlygyny almak üçin
ony kem-kemden akylyndan azaşdyrýar.
Gazlaýtingiň görnüşleri
- Hakykaty boýun almazlyk: “Onuň ýaly zat bolmady”, “Göwnüňedir”, “Olar ýaly zat aýtmadym”, “Olar ýaly zat etmedim” ýaly sözlemleri ulanýar.
- Gabanjaňlykda, müňkürlikde günäkärlemek. Gyzlar bilen käbir gatnaşyklary hakynda gürrüň edilende, ol “Sen nä gabanjaňmy? Kompleksiň barmy (özüňe göwnüň ýetenokmy)?” ýaly sözlemler ulanýar.
- Ynanmazlykda günäkärlemegi: “Maňa ynamyň ýokmy, menden şübhelenýärmiň?”, “Men barada nädip beýle pikir edip (gepläp) bilýäň?”.
- Ol gerek zatlary bilgeşleýin gizleýär. Haçan-da sen şol zady uzak wagtlap gözläňsoň we tapmaňsoň, ol ony ýerine goýýar-da: “Sen näme özüň tapyp bilmediňmi?”, “Kelläň düzüw däl öýdýän?” diýýär.
- Degişmä düşünmeýändigiň, duýgularyň kadaly däldigi bilen günäkärlemegi. Onuň degişmesi seniň göwnüňden turmady we ol munuň üçin senden ötünç soramaga derek: “Men bir ýöne oýun etdim-ä”, “Sende wäşilik duýgusy ýokmy?” ýaly sözlemler ulanýar.

- Malsahatlaşýan meseläňize däl-de, görkezýän duýgularyňa reaksiýa bermegi, düşünişmezligi çözjek bolmakdan gaçmagy “Şermendeligi bes et!”, “Meň nerwymy oýnama, kelläni agyrtma!” ýaly sözlemleri ulanmagy.
- Seni akylyň üýtgändigi bilen günäkärleýär. Hakyky meseleden gaçmak üçin “Seň kelläňde mesele bar”, “Psihiatra görün” ýaly sözlemleri ulanýar.
- Öz pikirini delillendirmek ýa-da seni daş-töwerekdäki adamlardan çetleşdirmek üçin başga adamlaryň pikirini aýdýar: “Seniň dälidigiňi maňa hemme kişi hem aýdýar”, “Saňa düşünýän, goldaýan ýekeje adam men” ýaly sözlemleri ulanýar.
- Gizlin hakykatlar: “Men saňa aýtmak islemedim, ýöne dostum sen barada şeýle bir erbet zatlar aýtdy”, “Seniň juda näzikdigiň sebäpli göwnüňe degmejek bolup, öýlenendigimi saňa aýtmadym” ýaly hakykatlary aýdýar.
- Günäli duýdurmagy, günäni seniň üstüňe atmagy: “Sen şol derejede gabanjaňlyk etmedik bolsaň, men saňa ikilik etmezdim — bu işi etmäge meni özüň iteklediň.” ýaly sözler diýýär.
- Seni gönümel kemakyllyk bilen günäkärleýär, ondan soňra bolsa anyk bir zady talap edýär: “Ah, sen kütek diýsänim, pula nädip eýe çykylýanyny bileňoga! Aýlygyňy maňa ber, gerek zatlary özüm alaryn.”
Manipulýator aragatnaşykda şol bir wagtda birnäçe gazlaýting görnüşlerini ulanyp biler. Gazlaýtinge nädip garşy durmalydygy hakynda indiki postda gepleşeris.
Jora, eger sende şu tema boýunça soraglar bar bolsa ýa-da öz pikiriňi paýlaşmak isleýän bolsaň, teswirlerde ýaz. Psihologymyza soragyň bolsa, psiholog@joralar.com poçta salgysyna ýaz.
Surat: Unsplash


Jogap ýaz