Jora, geçenki postda biz seniň bilen gazlaýting barada gepleşdik. Manipulýasiýanyň bu görnüşi dürli-dürli şekillerde bolup biler, ýöne olaryň ählisiniň esasynda şu düşünje bar: “Seniň kelläň doly däl. Özüňe ynanma, maňa ynan. Saňa aýdýan zatlarymyň hemmesini et.”
Islendik manipulýasiýa garşy durmagyň iň gowy usuly şol adam bilen aragatnaşygy kesmek ýa-da ondan çetleşmek we onuň bilen araňda özüňe oňaýly bolan çäkleri goýmakdyr. Eger sende munuň ýaly mümkinçilik ýok bolsa, onda saňa aşakdaky malsahatlaryň kömegi degip biler.
Anyk hakykatlara daýanyp, öz pikiriňi emele getir
Haçan-da saňa ýalan sözlänlerinde, sözleriň manysyny üýtgedýärler, adalatsyz günäkärleýärler, nämäni hakykat hasaplaýandygyňy anykla we ony beýan et. Öz duýgularyňa ynan. Bu saňa şübheleriň hötdesinden gelmäge kömek eder we özüňe bolan berk ynamlylygy emele getirer, hatda gazlaýter saňa hüjüm eden wagty hem arkasyz galmarsyň.
Sägin we azajyk pikirlen
Bu manipulýasiýa garşy durmaga kömek eder. Günäkärlemelere jogap bermezden öň “Men bu barada pikirlenerin” diý. Şeýdip, sen erkiňi elden gidirmän saklanmagy başararsyň.
Seni günäkärlemeklerine ýol berme
Haçan-da kimdir biri hakykaty ýoýup, seni günäkärlemäge synanyşanda, özüňi günäli görkezmäge çalyşmaklaryna rugsat bermejekdigiňi aýt. Bu saňa öz pikiriňi goramaga kömek eder.
Gazlaýter: “Sen hemişe meniň keýpimi bozýaň.”
Sen: “Men seniň keýpiňe jogap berip bilmeýärin. Eger sen meniň özümi başgaça alyp barmagymy isleýän bolsaň, onda ony maňa asuda äheňde aýt, onsoň hemmesini maslahatlaşarys.”
Öz şübheleriň barada gönümel aýt
Sen öz pikiriň başgadygyny we söhbetdeşiň bilen ylalaşmaýandygyňy düşündir. Ýa-da gürrüňi edilýän wakanyň başgaça ýadyňa düşýändigini we öz ýadyňa ynanýandygyňy berk aýt.
Manipulýator muňa jogap edip, goranmaga, sen barada geplemäge başlasa ýa-da gürrüňi başga ýana sowsa, ol zatlar barada soňrak gepleşmegi, häzir bolsa seni bimaza edýän zady gepleşmelidigini teklip et. Seni howsala salýan zadyň nämedigini ýene bir gezek ýadyňa sal. Ýene-de nägilelik bildirmegi dowam etse, onda munuň ýaly ýagdaýda gürrüňiň gutarandygyny aýt.
Sen: “Dostlaryň bilen üstümden gülmegiňi halamadym. Bu ýagdaý meniň üçin kemsidiji boldy.”
Gazlaýter: “Sen hemme zady göwnüňe alýaň. Sen degişme diýen zada düşüneňok.”
Sen: “Meniň degişme diýen zada düşünip-düşünmeýändigim hakynda soňrak gepleşeris. Meniň pikirimçe, eger sen meniň göwnüme degen bolsaň, ötünç soramaly we bu hereketi gaýdyp gaýtalamaly däl.”
Gazlaýter: “Munuň ýaly degişmäniň niresi göwnüňe degip biler, aklym haýran!”
Sen: “Göwnüme degen ýeri… (göwnüňe degen zady aýt). Eger bu ýene gaýtalansa, men seniň bilen dostlaryňka myhmançylyga gitmerin (ýa-da ýaramaz hereketine jogap hökmünde görjek nähilidir bir çäräňi, şertiňi oňa aýt.)”
Hilesine düşünendigiňi gazlaýtere bildir
Aragatnaşygy agyrlaşdyrýan zadyň hut özüni görkez. Indi munuň ýaly gepleşiklere goşulmazlygy ýüregiňe düwendigiňi hem aýdyp bilersiň.
Öz garaýşyňy gora. Öz duýgularyňy we olary emele getiren ýagdaýy pert-pert beýan etmäge synanyş, meselem: “Meni özüňi alyp barşyň bilen kemsitmegiň ganymy gyzdyrdy. Häzir bolsa seniň meni däli (ysnat, tagaşyksyz, samsyk) ýaly görkezjek bolýandygyňa gaharym gelýär.”
Öz pikiriňi ýokary tut
Gazlaýtere jogap bermegiň şu usulyny pikir alyşylýan wagty ulanmaly.
Meselem: “Bilýäňmi näme, maňa, köplenç, şunuň ýaly maslahatlary berýärler, ýöne men öz dogry hasaplaýşym ýaly hereket edýärin welin, has gowy netijeler alýaryn (nähili netijeler alýandygyňy özüň aýratyn aýdyp bilersiň)”.
Gazlaýteriň manipulýasiýasynyň nämedigini dillen (özüň bilen deň adam hökmünde gepleşýän bolsaň).
1-nji mysal: “Sen şu wagt meniň üstümden düşýärsiň. Näme üçin beýdýäň? Sen näme üçin hemmeleriň ýanynda meniň işi oňarmaýandygymy aýdýaň? Şu işi saňa bererler ýalymy?”
2-nji mysal: “Men seni başga bir gyz bilen gördüm. Sen meni ýöne ýere gabanjaňlykda günäkärleýäň. Sen meni öz öňüňde gelşiksiz ýagdaýa salyp, bu ýagdaýy ak ýürekden maslahatlaşmakdan sypjak bolýaň. Maňa beýle zat etmegiňe ýol bermerin!”
Gazlaýting beýleki manipulýasiýalar ýaly gatnaşyklaryň aýdyňlygyny, açyklygyny, düşnükliligini halamaýar.
Saňa gowy düşünýän adamlar bilen aragatnaşyk et
Seni goldamaga we diňlemäge taýýar adamlaryň bar bolmagy örän gowy zatdyr. Gerek bolan halatynda, ýoldaşyň saňa hemişe aýdyşy ýaly, sende “geň-taňlygyň” hakykatdan hem bardygyny ýa-da ýokdugyny size dahyly bolmadyk, ýöne hereketleriňizi synlaýan şahslardan sora. Seniň duýgy taýdan tutgaýlaryň hakynda saňa aýdylmagy hemişe gazlaýting bolman bilýändir. Sende meseleleriň bardygyny daş-töweregiňdäkileriň ählisi hem bilýän bolup biler, ýöne sen olary diňlemek islemeýän bolup bilersiň.
Üstüňden düşülmeginiň öňüni almak üçin eglişik et
Şu usuly saýlamak kadalydyr, esasy zat öz pikiriňde galmak we gazlaýter bilen ylalaşmaýandygyňa, diňe bir dawadan gaçjak bolýandygyňa dogry düşünmekdir. Şu usuly gatnaşyk gurmak niýetiň bolmadyk, keseki bir adam bilen aragatnaşykda ulansaň bolýar. Sen öz garaýşyňy daş-töweregiňdäki adamlaryň ählisine subut etmäge borçly dälsiň. Içki dünýäň asuda we rahat bolmagy üçin ýakyn adamlaryň saňa mynasyp garamagy doly ýeterlikdir.
Eger sen maşgalaňda gazlaýting bolup geçýändir öýdýän bolsaň, maşgala psihologyna ýüz tut. Kämahal gazlaýting ulanýan adam bu hereketine diňe psihologyň maslahatyny alan wagty akyl ýetirýär. Munuň sebäbi seniň ýoldaşyň maşgalasynda yzygiderli gazlaýting ulanylandygy sebäpli onuň üçin bu ýagdaýyň kadaly ýagdaýa öwrülendigi bolup biler.
Jora, sen manipulýasiýanyň bu görnüşi hakynda näme pikirlenýärsiň? Öz pikiriňi teswirlerde ýaz.

Jogap ýaz