Narsissler – olar kimler?

narsissler - olar kimler?

Jora, belki sen käbir adamlaryň daş-töwerekdäki adamlara garşy özlerini zyýan berijilikli alyp barýandyklarynyň sebäbine düşünip bilmedik wagtlaryň bolandyr. Munuň hemişe sebäpleri bardyr, olardan biri hem — şahsyýetiň narsissik bozulmasy. Narsissler – olar kimler?

 

Şahsyýet bozulmasy – bu näme?

Şahsyýet bozulmasy — adamyň özüniň we ýakynlarynyň ýaşaýşyna ýaramaz täsir edýän özüni alyp baryş usulyndan aýrylyp bilmeýän şahsyýetiň agyr bozulmasy.

Gel, şahsyýetiň narsissik bozulmasynyň nämedigini bileliň. 

 

Черты характера Нарциссов

Narsisslere aşakdaky häsiýet aýratynlyklary mahsusdyr:

özüniň ilden üstündigine, artykmaçdygyna tutanýerli ynanýar;
özüne berýän bahasynyň aşa ýokary bolmagy, öz-özünden göwni hoş bolmagy;
hemişe ile göz edip ýaşamagy halaýar;
başga bir adama duýgudaşlyk etmäge we özüni şonuň ornunda goýup görmäge bolan ukybynyň ýetmezçiligi;
birek-birege ynanyşmaga esaslanan ýakyn gatnaşyklary gurmaga ukypsyzlygy;
duýgy taýdan tutuklyk, biperwaýlyk;
gopbamsy özüni alyp baryş we başga bir adamy kemsitmäge bolan ymtylyş;
öz gowşak tarapyňdan we kämil dälligiňden gorkmak;
egosentrizm – diňe özüň we şahsy bähbidiň hakynda pikir;
adamlaryň azap hakyny bermän, öz bähbidiň üçin ulanmaga meýillilik;
adamlary manipulirlemäge meýillilik.

 

Şu bozulma mahsus häsiýetler psihologik taýdan sagdyn adamda hem belli bir derejede bolup biler. Tapawudy bolsa sagdyn adamyň özüni alyp barşyna tankydy baha berip bilýändiginde, ýalňyşlaryny boýun alyp, adamlar bilen täze, zyýan ýetirmeýän gatnaşyk gurup bilýändigindedir.

 

“Şahsyýetiň narsissik bozulmasy” kesgidini (diagnozyny) hassanyň özi bilen gepleşenden soňra diňe psihiatr ýa-da psihoterapewt goýup biler.

 

Нарциссы из кинематографа

Aýdyňlyk üçin gel, kino sungatynyň örän täsirli, narsissizmiň alamatlaryny göterýän personažlarynyň birine seredip geçeli: “Şeýtan Prada geýýär” atly filmiň gahrymany Miranda Pristli.

miranda priestly

Gahryman Miranda Pristli barypýatan narsissdir. Onuň häsiýeti filmde, ine, şeýle görkezilýär: 

ol duýgularyny gizleýär;
adamlara ulumsylyk bilen seredýär we ýalňyşlaryny ýazgarýar;
özünden we adamlardan hemme meselelerde aňrybaş bolunmagyny talap edýär;
diňe öz bähbitleri barada pikirlenýär we adamlary öz maksatlaryna ýetmek üçin ulanýar;
edýän zähmetleri we kömekleri üçin adamlaryň gadyryny bilmeýär, diňe özüniň bähbitleriniň ilkinji orunda tutulmalydygyny, özüne bagly adamlaryň bar güýji bilen işlemelidigini pikirlenýär;
öz professionalizmi bilen daş-töweregindäki adamlary haýran galdyrmagy, agzyny açdyrmagy başarýar;
hatda peýdaly tankytlary hem kabul edip bilmeýär;
özüni laýyk görnüşde — ýagny, hormat goýulmaly, täsin galynmaly we birinji orunda goýulmaly bir üýtgeşik adamdyr öýdýär;
duýgy taýdan mähirsizligi, biperwaýlygy sebäpli ne adamsy, ne-de dostlary bilen gowy gatnaşyk gurup bilýär.

narsiss

 

Ine, filmden Mirandanyň aýdan zatlaryndan käbiri:  

“Düýnki elimdäki kagyzy tapyp ber” – Miranda öz işdeşlerinden diňe bir kän zat däl-de, eýsem mümkin bolmadyk bir zady talap edýär ahyryn. Olar palçy ýaly Mirandanyň isleglerini öňünden aňmaly, aýdylmadyk zady bilmeli, nämedigi we nirededigi belli bolmadyk zady tapmaly.

 

“Her ediň, hesir ediň, maňa uçara bilet tapyň. Üýtgeşik bir uly tupan ýog-a, ýöne bir ýagyş damjyklaýar. Men öýüme barar ýaly şert dörediň, bu siziň işiňiz ahyryn!” Miranda bu ýerde hakyky gaý-tupan sebäpli ähli gatnawlaryň ýatyrylandygyna garamazdan, özüne aýratyn bir düşünmeklik bilen garalmagyna garaşýar. Ol öýüne gitmeli ahyryn, goý, tupan garaşsyn!

 

“Näme Ýer aýlanmasyny bes etdimi, meň kofemi henizem getirmediler-le. Öldümi ýa ýitdimi?” – Miranda üçin başga bir adamyň nähili ýagdaýdadygy gyzykly däl, piňine-de däl we ol bu garaýşyny aç-açan görkezýär.

 

“Meň başarýan zatlarymy her kimiň edip bilmejegi hakykat” – Miranda öz deňsiz-taýsyzlygyna aşa ynamly. 

 

Какова реальность?

Köplenç, adamlar narsissiň durmuşy birkemsizdir öýdýärler, aslynda bu diňe bir boş hyýaldyr.  Olaryň özüne berýän bahasy diýseň pesdir — köplenç, özlerini gowşak duýýarlar, sebäbi hemme meselede aňrybaş ussat bolmak mümkin däldir, munuň ýaly adam öz birkemsiz dälligini kabul etmäge kemsinýändir. 

Miranda Pristli daş-töweregindäki adamlardan birkemsizlik talap edip, olara zyýan ýetirýär. Şunuň ýaly talaplary ol özüne-de edýär. Narsissler diňe daş-töweregindäki adamlara däl-de, özlerine hem zyýan ýetirýändirler.

Işdäki perfeksionizm (birkemsizlikçilik) narsissleri, köplenç, uly üstünliklere ýetirýändigini belläp geçeliň. 

 

Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin kämilleşme barada rubrikamyzy yzarla. Psihologymyza soragyň bolsa, psiholog@joralar.com poçta salgysyna ýaz.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.