Öňki gatnaşykdan nädip bagyňy üzmeli?

aýralyk

Jora, biz Instagram sahypamyzda aýralykdan soňra nädip özüňi ele almalydygy barada soraglara jogap berdik. Bu jogaplary sen biziň sahypamyzda “Sorag-Pikir” atly saklanyp goýlan istoriýalarda tapyp bilersiň. 

Şu gün biz hatda birnäçe ýyllar geçse-de gutaran gatnaşykdan näme üçin bagyňy üzüp bolmaýandygy we näme etmelidigi barada aýdyp bereris. 

Gatnaşykda ýoldaşyň saňa mähirli duýgulary we şatlykly joşgunlary berdi. Aýralykdan soňra bu zatlar ýok. Şonuň üçin olary özbaşdak almagy öwrenmeli. 

Emma eger siziň aýrylyşanyňyza ep-esli wagt bolan bolsa we sen henizem ol barada köp pikirlenýän bolsaň, onda munuň sebäpleri bar.

 

Sen onuň sosial tordaky sahypasyna köp girýärsiň ýa-da onuň bilen düşen suratlaryňa seredýärsiň

Şeýlelik bilen sen henizem bilesiňiz öýdýärsiň. Biziň beýnimiz emele gelende, ne suratlar bardy, ne-de wideo. Indi bolsa biz adamlaryň suratlaryny we wideolaryny olar bilen gepleşmek ýaly kabul edýäris. Şonuň üçin şu endik hakykatdan hem aýrylyşandygyňyzy kabul etmegiňe päsgel berýär. 

Gowusy, onuň sosial tordaky sahypasyna girmeli däl. Hem-de onuň ýa-da bilelikdäki suratlaryňyzy noutbukdan ýa-da telefondan pozup aýyrmaly — gözden daş düşen, göwünden hem daş düşer.

 

“Ol meniň ýarym, ýarty bölegim. Näme bolsa-da, ahyrynda onuň bilen birigeris.” düşünjesi

Belki, sen aýralygy öňki söýgüliň bilen maşgala bagtyna barýan ýoldaky wagtlaýyn päsgelçilikdir öýdýänsiň. Hakykaty kabul etmeli — adamlaryň ýary, ýarty bölegi ýok, her bir adamyň özi bütin bir şahsyýet. Öňki söýgüliň gatnaşygyňy dikeldip bilmersiň we siz indi bile bolmarsyňyz.

Eger şu sözler seni ynjydýan bolsa, onda saňa hakykaty kabul etmäge kömek etjek türgenleşik gerek bolar. Ine, bu türgenleşik şunuň ýaly:

  • Sen her gün pikiriňde (ýa-da daşyňdan) aýrylyşandygyňyzy dile getirýärsiň (aýdýarsyň). Aýrylmagyňyzyň sebäplerini ýadyňa salýarsyň. Her gezek saňa has aňsat düşer. Sen aýralygyň ýakymsyz we ýüregiňi awadýan hakykatdygyny, ony kabul edip, ýaşamaga dowam etmelidigine düşünersiň.

Şunuň ýaly dile getirmek islendik psihologik trawmada we agyr durmuş ýagdaýynda kömek edýär. Dile getirmek seniň garaşylmadyk zady — dünýäňe sygmajak islendik bir zady kabul etmegiňe mümkinçilik berýär.

 

“Men ilkinji söýgülim bilen maşgala gurmaly” diýen düşünjesi

Bu düşünje perfeksionizme — ýagny, hemme zady birkemsiz etmäge ymtylýan adamlara mahsusdyr. Bir gyzyň ilkinji gezekde söýgüli adamsyny tapyp, onuň bilen berk maşgala gurýan wakasyny köp adam ýörelge edinýär. Emma ilkinji gezekde ynamly gatnaşyk gurmak hemişe başa baryp durmaýar.

Birinji söýgüliň bilen aýrylyşanyňdan soňra ilkinji gezekde birkemsiz gatnaşyklary gurup bilmändigiň sebäpli özüňi gowy gyz däldirin öýtmegiň, köpçülik kadalaryna gabat gelmeýändigiňi pikirlenmegiň bolup bilýändir. Seniň şahsyýetiň bir bölegi üýtgeýär, başga adam ýaly bolýarsyň. Özüň barada munuň ýaly hakyky däl düşünjäniň ýerine öz täze keşbiňi gursaň gowy bolar.

Biziň hiç birimiz hem birkemsiz däl. Hemmämiz ýalňyşýarys — gadrymyzy bilmeýän ýa-da bize laýyk däl adamlary saýlaýarys, gatnaşyklaryň üstünde işlämizok, ýoldaşymyz üýtgär diýip garaşýarys. Birinji synanyşykda gatnaşyk gurup bilmezlik kadaly ýagdaý. Bu seni erbet adam etmeýän, ýöne bir durmuş tejribesidir. Sen özüňi birkemsiz däl ýaly duýmagyň mümkin. Gatnaşygyň ýykylmagy bilen seniň özüňi birkemsiz adam hökmünde görmegiň hem ýykylýar. 

Ýagdaýy we siziň aýrylyşmagyňyza getiren sebäpleri seljermäge synanyş. 

 

Ýatda sakla! Sen birkemsiz bolmasaň-da,
saňa adamçylykly gatnaşyk edilmegine mynasypsyň. 

 

Jora, eger aýralykdan soňra 6 aýdan kän wagt geçen bolsa we sen henizem günde aglaýan bolsaň, sustuň pes, keýpsiz we ýaşamaga höwessiz bolsaň, onda kömegi üçin psihologa ýa-da psihoterapewte ýüz tutmaly. Munuň ýaly ýagdaý ruhyçökgünligiň (depressiýanyň) alamaty bolup biler. Eger saňa goldaw gerek bolsa, psihologymyza şu poçta salgysyna ýaz: psiholog@joralar.com

Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin, gatnaşyklar barada rubrikamyzy yzarla.

 

Surat: Unsplash

Jogap ýaz

Your email address will not be published.