Toýdan öň gepleşilmeli zatlar

toý

Jora, seniň pikiriň boýunça, toýdan öň ýoldaşyň bilen nämeler hakynda gepleşmek zerur?

Nika baglaşmak — bu jogapkärçilikli çözgüt. Şonuň üçin hem öňünden pikirlenip, geljekki bilelikdäki durmuşyňyz barada pikirlenip, onuň nähili boljakdygyny göz öňüne getirmek ýerlikli hereketdir. Biri-biriňiziň pikirleriňizi we garaşýan zatlaryňyzy bilmek üçin gepleşip biljek temalaryňyzyň käbirini size ýetirýäris.

 

Çagalara degişli garaýyş

Geljekde öýke-kine we düşünişmezlikler ýüze çykmaz ýaly, çagalar baradaky möhüm tema hakynda gepleşmeli. Biri-biriňize şu soraglary beriň:

  • “Çaga isleýärsiňmi?”,
  • “Çagamyzyň haçan bolmagyny isleýärsiň?”,
  • “Näçe çaga isleýärsiň?”,
  • “Birden çagamyz bolmasa, biz näme ederis?”.

 

Pul meseleleri

Haçan-da iki adam bile ýaşamaga başlanda, pul meselesi hökmany ýagdaýda gepleşilmeli bir tema bolýar. Garaşylmadyk ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolmaz ýaly aşakdakylary biri-biriňizden soraň.

  • “Üýşüren puluň barmy?”,
  • “Haçan hem bolsa bir wagt sen gozgalmaýan emläk (ýer, jaý, bina we ş.m. ) satyn almak planyň barmy?”,
  • “Çykdajylary nähili bölüşeris?”,
  • “Haýsy hem bolsa birimiziň işimiz bolmadyk wagty näme ederis?”,
  • “Bahasy Х manatdan ýokary bolan bir zady satyn almak barada pikirlenerismi?”,
  • “Pul üýşürerismi? “Hawa” bolsa, näme maksatlar üçin?” .

Pul meseleleri barada gepleşmek oňaýsyz bolup biler, emma ol hakykatdan hem zerurdyr.

 

Söýgi dili

Eger siz ýoldaşyňyzyň söýgini nähili kabul edýändigine we aňladýandygyna düşünmek isleýän bolsaňyz, toýdan öň onuň söýgi diline düşünmelisiňiz. Siziň söýginiň nämedigine dürli-dürli garaýşyňyzyň bolmagy bütinleý mümkindir.  Muny aýdyňlaşdyrmaga diňe çynlakaý gürrüňdeşlik kömek edip biler.

  • “Özüňi bagtly duýmagyň üçin men tarapdan nähiliräk söýgä garaşýarsyň?”,
  • “Söýgüňi görkezmek diýip nämelere düşünýäň?”. 

 

Şahsy çäkler

Şu mesele barada gepleşmek örän möhümdir. Kimdir biri bilen bile ýaşap başlap, biziň endik eden ýaşaýyş şekilimiz üýtgeýär, munuň hem şahsy çäklerimize-de täsiri ýetýär. Özüňizi öýde oňaýly duýmak üçin möhüm zadyň nämedigine düşünmegiňiz zerurdyr.

  • “Sen nähili ýygylykda ýekelikde wagt geçirmek isleýärsiň?”,
  • “Sustupes wagtyň ýagdaýyňy düzetmek üçin, adatça, näme edýärsiň?”,
  • “Meniň bilmegimi isleýän seniň özboluşly ýerine ýetirýän ruhy däpleriň, endikleriň barmy?”,
  • “Boş wagtyňy nähili geçirmekligi halaýarsyň?”.

 

Düşünişmezlikler

Şu mesele kän bir göze görnüp duran bolmasa-da, biri-biriňiziň düşünişmezlikleri çözmekdäki tejribäňiz barada gepleşmek ikiňiziň hem dartgynly ýagdaýlarda nähili gatnaşykda bolýandygyňyz barada size köp maglumat berer. Meselem, şu soraglary sorap bilersiň:

  • “Sen, adatça, düşünişmezlikleri nähili çözýärsiň?”,
  • “Sen, köplenç, agyr meseläni gepleşmekden gaça durýarsyňmy ýa-da ähli zady şol bada gepleşmegi gwy görýärsiňmi?”,
  • “Özüňi gyzma, gaharjaň hasaplaýarsyňmy?”.

 

Öý-hojalyk durmuşy

Öýdäki işler — bu gündelik zähmet! Öňünden gepleşmän, ýoldaşyňdan öý-içeriniň tertibini we tijegini, idegini etmegini garaşmak kyn. Şonuň üçin biri-biriňize şu soraglary berip bilersiňiz:

  • “Öýdäki işleri nähili bölüşeris?”,
  • “Eger ýetişmesem, sen meniň işlerime kömekleşmäge taýýarmy?”,
  • “Öý-içeriniň arassaçylygy, nahar taýýarlamak üçin kömekçi tutmak meselesine nähili garaýarsyň?”.

 

Jora, ýoldaşyň bilen maslahatlaşyp biljek peýdaly meseleleriň we temalaryň hemmesi bular däldir.

Ýatda sakla, ynamly we berk gatnaşygyň açary açyk gepleşmäge taýýar bolmakdyr. Bir adamdan pikiriňi okamak ýaly, adatdan daşary duýujylyk ukyplaryny garaşmaly däldir. Şonuň üçin, gowusy, islendik tolgundyryjy meseleler, esasan hem toýdan öň çekinmän gepleşmeli, maslahatlaşmalydyr.

Sen öz ýoldaşyňa nähili soraglary bererdiň? Teswirlerde ýaz.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.