Birnäçe ähmiýetli kampaniýalaryň esaslandyryjysy bilen söhbetdeşlik

iş

Jora, eger sen haçan hem bolsa bir wagt üstünlikli kär bilen çagalaryň terbiýesini bilelikde deňagramly ýöretmegiň usulyny gözlän bolsaň, şu gün bu soragyň jogabyny tapyp bilersiň.

Jemgyýet üçin birnäçe ähmiýetli kampaniýalaryň esaslandyryjysy we iki çaganyň ejesi Näzik (Instagram @nazik.avlyakulova) bize öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Nädip saýlamalydygy, özüňe bolan ynamy nädip ösdürmelidigi we şeýdip öz jemgyýetiňe nädip kömek etmelidigi barada bilmek üçin suratlary geçirişdirip gör.

Teswirlerde öz pikiriňi paýlaşyp we goşmaça sorag berip bilersiň.

 

“Ýaşamagyň iki usuly bar:
hiç hili gudrat ýok ýaly ýaşamak;
daş-töweregiňdäki hemme zady gudrat hasaplap ýaşamak”

 

Salam! Bize özüň we şu wagt edýän işiň barada biraz gürrüň beräýseň? Şu wagt meşgullanýan işiňe nädip ýetdiň?

Näzik: Men jemgyýet bilen aragatnaşyk sferasynda işleýärin, jemgyýetiň ösmegi üçin dürli media kampaniýalaryny we proýektleri amala aşyrýaryn. Esasan, meniň işim käbir temalar boýunça bilimi we düşünjäni ýokarlandyrmaga, ýagdaýy seljermäge, şeýle hem işleýän guramamyň gymmatlyklaryny ýokary çekmeklige bagyşlanan. 

Dolulygyna aýtsam, men Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ösüş Maksatnamasynda (BMG ÖM) 6 ýyl işledim, ýöne häzir Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynda işleýärin.

Men ilki maglumat we analitiki agentliklerde işlemäge başladym, öz proýektim — Merkezi Aziýa hakynda onlaýn žurnalym bardy. Aragatnaşyk sferasynda işlemegi meýilleşdirmän, ünsümi esasan analitika gönükdiren hem bolsam, meniň tejribäm şu sfera laýyk eken.

Mekdepde we uniwersitetde wagtym meýletinçilik (wolontýorlyk) bilen köp meşgullandym we dürli tejribeliklerden geçdim. Tutuş gidiren wagtym üçin gynanmaýardym, sebäbi ol “mugt” tejribäm meniň üçin gyzyklydy we soňra azabym hem ýerine gowuşdy.  Birinjiden, men näme bilen meşgullanmak ISLEMEÝÄNDIGIMI bilýärdim, ikinjiden hem, ýokary okuw jaýyny tamamlan uçurymlarda bolmadyk birnäçe ýyllyk amaly tejribelik edindim.

Meselem, men Merhemetlilik Korpusynda (Mercy Corps) tejribelik geçdim, şeýle hem Arzuw Foundation Binýadynda we West Sands Advisory analitiki agentliginde işledim.

Işden başga-da, meniň maşgalam – iki sany çagam bar. Men olara mümkin boldugyça kän ýerleri görkezmäge, täze adamlar bilen tanyşdyrmaga, kitap okamak bilen meşgullanmaga, olara bilýän zatlarymyň ählisini – şekil ýasamagy, surat çekmegi, ýelimläp ýasamagy, ylgamagy, bökmegi görkezmäge we dil öwretmäge çalyşýaryn. 

 

Iki çagany terbiýelemek başardýarmy? Hakykat garaşýan zatlaryň bilen meňzeş ekenmi?

Näzik: Iki sany çagamyň bardygyna juda begenýärin. Men olary söýýärin, olar meniň ömrümiň manysy. Men olara nusga bolmak isleýärin. Olara gorkmazlygy, ili ýazgarmazlygy, hemmeler bilen dost bolmagy we kosmopolit bolmagy öwredýärin. Olar, iň bolmanda, dynç alyş günleri bir azajyk gijräk oýansalar, gowy bolardy, ýöne oňa derek biz uzyn şöhleli gün geçirýäris, bilelikde geçirmäge wagtymyz köp bolýar. 

Çagalarymyň ýaş tapawudy 18 aý. Başda kyn bolupdy. Ulymyň özi isleýänçä süýtden aýyrmakda görgi baryny gördüm. Soňra ol kiçimi gijesine emdirmegimi islemeýärdi. Soňra bize garamyk çykdy we hemme çaga keselleri çagalar bilen meniň başymdan yzly-yzyna geçdi.

Ýöne men ähli zady şu bolşy ýaly halaýan. Häzir meniň ogullarym biri-biri üçin iň gowy dost we ýoldaş. Olar biri-birine kömek edýärler, seredýärler, şonuň bilen bir hatarda hem ýaryşýarlar we oýunjaklaryny paýlaşýarlar. 

Men hemmeleri iki ýa-da ondan köp çaganyň ene-atasy bolmaga çagyrmaýaryn. Her kim isleýşi ýaly ýaşaýar. Bu meniň saýlan ýolum. 

 

Ählimiziň hem başymyzdan kynçylyklar geçýär. Şunuň ýaly pursatlarda ýörelge edinýän sözleriň ýa-da sitataň barmy?

Näzik: Örän köp wagt öň men Eýnşteýniň sitatasyny özüme ýörelge edindim. Ol: “There are two ways to live: you can live as if nothing is a miracle; you can live as if everything is a miracle.”  (“Ýaşamagyň iki usuly bar: hiç hili gudrat ýok ýaly ýaşamak; daş-töweregiňdäki hemme zady gudrat hasaplap ýaşamak”)

Men tebigatym boýunça melanholik. Ýöne men dünýä, adamlara, özüme bolan garaýşymy üýtgetmek üçin öz üstümde işledim. Men adamlara ynanýaryn, gowulyga ynanýaryn. Özüme, öz pikirime, öz bilimime bolan ynamy döretmek üçin wagt gerek boldy. Men öz pikirimi we özümi goramagy öwrendim.

Häzir kynçylyga sezewar bolsam, öz çagalarym we olara nähili nusga bolmak isleýändigim hakynda pikirlenýärin. Siz ejeleri doly stawka işleýän çagalary hiç hili işlemeýän ejeleriň çagalarydan 23% köp gazanýandygyny bilýärdiňizmi? Men çaga idegi boýunça rugsata uzak wagtlap çykýan ýa-da öýde işleýän gyzlaryň saýlan usulyny hiç hili ýagdaýda tankytlamaýaryn. 

Çagalarym hakynda alada etmelidigim, dünýäde olar görer we öwrener ýaly zatlaryň köpdügi baradaky pikir meni hyjuwlandyrýar we güýçlendirýär. 

Bir adam bir gezek biziň tutuş ömrümiziň gaýalara, daşlara we çägä bölünýändigini aýdypdy. Çäge — bu ownuk aladalar, daşlar — bu kiçi kynçylyklar, gaýalar bolsa — hötdesinden gelmesi örän kyn bolan durmuş kynçylyklary. Biziň hemmämiz hem öz durmuşymyzy doldurýan zadymyzy saýlamalydyrys. Ine, şeýdip men öz durmuşymy çäge we daş bilen doldurmazlygy, hem-de mümkin boldugyça, gaýalardan aýlanyp geçmegi, ýagny durmuşyň çarkandakly ýollarynyň hötdesinden gelmegi ýüregime düwdüm. Ownuk-uşak meselelere wagt gidirmän, uly meseleleri çözmeli diýen düşünjede.

 

Biziň bilşimize görä, sen, maýyplary goldap, kampaniýa geçirdiň. Şu kampaniýa barada aýdyp bermegiňi haýyş edýäris. Seni bu işe näme iterdi? 

Näzik: Aslynda, men birnäçe kampaniýa geçirdim. Maýyplygy bolan adamlar bilen men 2015-nji ýyldan bäri professional taýdan meşgullanyp gelýärin. Ýöne gowja ýadyma salsam, men heniz mekdepdekäm maýyp çagalaryň mekdep-internadynda işlän bir mugallym bilen tanyşypdym. Bu çagalar üçin nämedir bir zat etmegi güýçli isleýärdim we olara iňlis dilini öwredip başladym.  

Men adamlara kömek etmäge we jemgyýetimizi gowulaşdyrmaga hemişe höweslidim. Adamlaryň “ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” diýen garaýşyny juda halamaýaryn. Şonuň üçin mende jemgyýet üçin peýdaly bir zat bilen meşgullanmak bilen baglanyşykly çigit ýaly hem şübhe döremedi. 

Meniň işim maňa şeýle mümkinçiligi berýär we men ýaşlary işe gatnaşdyrmaga, jemgyýetçilik guramalaryny, aýratyn hem maýyplygy bar adamlary goldamaga çalyşýaryn. Bütindünýä derejesinde alsak, meniň kampaniýalarym – ullakan pazlyň (tapmaçanyň) kiçijek bir bölegi, emma hut şunuň ýaly bölejiklerden hem sagdyn jemgyýet emele gelýär.

 

Ýene haýsy proýektler hakynda aýdyp berip bilersiň? Her proýektde özboluşly ýatlama galdyran zat barmy?

Näzik: Meniň iki sany gowy görýän proýektlerim şular bolsa gerek — maýyp adamlaryň hususy sektorda iş bilen üpjün edilmegini ýokarlandyrmak (2018) we 8 sany zenan bilen söhbetdeşlik geçiren 8-nji marta bagyşlanan kampaniýam (2017). Bu zatlaryň ählisi ýönekeý ýaly, emma bu ullakan iş.

Hut, şu iki sany proýekti saýlamagymyň sebäbi olarda işimde halaýan zatlarymyň — adamlar bilen işleşmegiň we jemgyýet üçin peýdaly iş etmegiň jemlenmegidir. Men hususy sektoryň köp wekilleri bilen tanyşdym, soňra olary proýekte gatnaşmagy höweslendirdim, maýyplygy bar adamlar hakynda gürrüň berdim, gatnaşyjylaryň ählisiniň özlerini gerekli we möhüm duýýan, iň bolmanda, 1 günlük platformasyny döretdim. 

8-nji mart üçin kampaniýa — buýsanýan önümlerimiň ýene birisi, sebäbi işdeşlerimiz bilen bilelikde biz ýaş gyzlary okamaga, işlemäge we kämilleşmäge höweslendirýän 8 sany üstünlik kyssasyny ýazdyk. 

Ýaşlar öýkünmek üçin göreldä örän mätäç. Soňundan bu kampaniýalara köpsanly oňyn baha berilmegi olaryň näme diýseň hem gerekli bolandygyna ynam döredýär. 

 

Eger wagty yzyna sarap bolýan bolsa, seniň pikiriňçe, hünär saýlaňda iň möhüm pursat näme bolardy?

Näzik: Men Merkezi Aziýanyň Amerikan uniwersitetinde okadym, ol ýerde birnäçe haýran galdyryjy professorlarym boldy, men olara döreden höwesleri we halypaçylyklary üçin örän minnetdar.

Heniz bakalawr derejesini almak üçin okap ýören wagtym dürli bloglar üçin ýazýardym we hatda AKIpress maglumat gullugynda işläpdim. Men öz işimi açmak we Merkezi Aziýa hakynda žurnal çykarmak isledim, ol bolsa soňra analitiki agentlik bolup ulalyp gitmelidi. Munuň bilen magistrlik derejesiniň okuwyny okap ýörkäm meşgullanýardym, şu proýekt şol wagt örän meşhur we şowly boldy.

Beýleki köp ýaşlar ýaly, daşary ýurtda iş tapmaga synanyşandygymy boýun alýaryn, emma maňa öýde, ýagny Aşgabatda has tiz iş tapdyrdy. Meniň bilimim, guramaçylyk ukyplarym we analitik endiklerim örän peýdaly bolup çykdy. Men hemişe bir sfera, ýagny jemgyýetçilik guramalary (hökümete degişli bolmadyk guramalar) bilen işleşmek we maglumat analizi bilen ugurdaş gitdim. Netijede, kärim analitiki agentliklerde we halkara guramalarda jemgyýet bilen aragatnaşyk sferasy boýunça özgerip gitdi.

 

Seniň maşgalaň seniň işiňe gatnaşygy hakynda gürrüň beräýseň?

Näzik: Men, köplenç, maşgalamy öz işime näçeräk goşmalydygynyň ýa-da goşmaly däldiginiň arasynda galýaryn. Köplenç, çäreleri guraýandygym we dürli adamlar bilen görüşýändigim sebäpli, öz ýakyn garyndaşlarymy olar bilen tanyşdyrasym we özüm bilen çärelere äkidesim gelýär. Ýöne men özümi çäklendirýärin. Birinji sebäbi professional we etik nukdaýnazaryndan. Ikinji sebäbi bar ünsümi diňe işime jemlemegim üçin. Şonuň üçin ýakynlarymy işime kän goşmaýaryn.

 

 “Üstünlikli kär bilen maşgala gurmagy bilelikde ýöredip bolmaýar” diýen düşünje hakynda näme pikirlenýärsiň? Seniň pikiriňçe, üstünligiň nähilidir bir syry, täsirli usuly barmyka?

Näzik: Hawa, şolar ýaly zatlary eşidýärdim. Onsoň hem maňa eger bir gyz işlese, onuň nahar bişirmeýändigini we öýi tertiplemeýändigini, hem-de özüni maşgalasyna bagyşlap bilmeýändigini hem aýdýardylar. Umuman, bularyň barysy ýalan zatlar. Her dürli manysyz zatlary aýdýardylar.

Ählimiz öz islegimize görä saýlaýarys. Işlemelimi ýa ýok, durmuşa çykmalymy ýa çykmaly däl, bir, iki, üç çaga dogurmalymy ýa ýok. Saýlan wagtymyz öz güýjümizi hasaplaýarys ýa-da hasabyny etmän, akym boýunça gidiberýäris. Käbir kişi käri bilen maşgalany bilelikde ýöretmegi halaýar, onuň üstesine-de, 1000 sany iş bilen meşgullanmaga-da ýetişýär. Käbiri bolsa özüni diňe bir zada bagyşlamak isleýär.

Başarmajagyňyzy aýdýanlary diňlemäň. Öz ýüregiňizi diňläp hereket ediň, sizi we ýakynlaryňyzy bagtly edýän zady ediň. Adamlary çäklendirýän maslahatlary halamaýaryn.  Daş-töweregiňizdäki goňşularyňyzyň we beýleki adamlaryň maslahaty boýunça çaga dogurar ýaly, çagalary terbiýeleýän olar däl. Olaryň maslahaty boýunça işi taşlasaňyz, ýene-de size aýlyk tölejek olar däl, ýa-da olaryň maslahaty boýunça maşgala bilen işi bilelikde ýöretmäge synanyşsaňyz, ýene-de olaryň kömegi degmez. Şonuň üçin siz we ýakynlaryňyz üçin gerek zady ediň.

 

Şu wagt 17 ýaşly bolan bolsaň, özüňe näme maslahat bererdiň? Näme üçin?

Näzik: Dogrumy aýtsam, hiç zat.

Maňa hemişe özüňi söýmelidigini we  ýokaryk ymtylmalydygyny aýdan ajaýyp ejem bar. Ol maňa hiç haçan erbet adamlary nusga hökmünde ýetirenokdy. Ol diňe hormatly adamlar hakynda aýdýardy. Megerem, men şu sebäpden saýlamakda erkinligiň we ynamyň atmosferasynda ösendirin. Maňa kimdir biriniň nämedir bir zady gadagan etmäge synanyşandygy sebäpli öz hukuklarymy we öz pikirimi goramaga mejbur ýagdaýda bolmadym. Hünär saýlamagy meniň öz erkime goýdular. Meni hiç kim çäklendirmedi. Men erkindim. Hiç kimden meni işe ýerleşdirmegi soramaly bolmandym. Meniň daş-töweregimde gowy adamlaryň bolandygy üçin özümi bagtly duýýaryn. Elbetde, ýaryş hem boldy, adalatsyzlygam, emma şonda-da, hemme zat ugruna bolup gitdi.

Men hemmeleriň çagalarynyň, gyzlarynyň we ogullarynyň geljegi üçin deň derejede maýa goýmaklaryny arzuw edýärin. Iki sany oglumyň bardygyna begenýärin, ýöne gyzym hem bolan bolsa, terbiýesine bolan çemeleşmämi bir gram hem üýtgetmezdim. Gyzjagazlary hem oglanjyklar bilen deň derejede ulaldyň.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.