“Türkmen Eko-çagyryşy”. Taslamanyň wekili bilen gürrüňdeşlik

“Türkmen Eko-çagyryşy”. Taslamanyň wekili bilen gürrüňdeşlik

Jora, sen ekologik pikirlenmäňi nädip ösdürip biljekdigiň we Türkmenistanda we planetamyzda tebigata, ýaşaýşa we tebigy baýlyklara oýlanyşykly çemeleşip biljekdigiň hakynda pikirlenip gördüňmi?

Bu gezek biz “Türkmen Eko-çagyryşy” taslamasynda (Instagram @turkmenecochallenge) işlän gyz bilen gepleşdik we ol ýaşaýşyň ekologik görnüşi barada möhüm soraglara jogap berdi.

Makalanyň başyndaky soraga jogap hökmünde: “Ýöne, meniň ýeke özüm näme edip bilerin?” diýip pikirlenen bolsaň, her gün ýurdumyzyň daşky gurşawynyň ýagdaýyny, ýagny saglygymyzy, ýaşaýşymyzyň hilini, abadançylygy, ykdysadyýeti we ş.m. gowulaşdyrmaga nädip öz goşandyňy goşup biljekdigiňi gör. Belki, şu söhbetdeşlikden soňra sen öz taslamaňy döretmek islärsiň?

Teswirlerde öz pikiriňi paýlaş ýa-da @turkmenecochallenge taslamasynа goşmaça soraglar ber.

 

Jora: Salam! Özüň barada, niredendigiň we gyzyklanmalaryň barada azajyk aýdyp beräýseň?!

Salam! Men Türkmenistanda doguldym, “Durnukly ösüş” ugry boýunça ýokary bilim aldym. 2019-njy ýylda biz “Türkmen Eko-çagyryşy” taslamasynyň üstünde işledik. Magistrlik derejesini okap tamamlamsoň, ýurduň islendik bir ýaşaýjysynyň gündelik durmuşynda daşky gurşawa ýekelikde (indiwidual derejede) nähili täsir edip bilýändigini bilmek isleýärdim.

 

Jora: Bu taslamanyň taglymaty (öňe sürýän pikiri) barada bize biraz aýdyp beräýseň?

“Türkmen Eko-çagyryşy” — toparym bilen 2019-njy ýylda Instagramda we IMO-da geçiren taslamamyz. Onuň üsti bilen Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna nol galyndy ýa-da hiç hili zibilsizlik (zero waste), howa şertleriniň üýtgemegi we ýönekeý bir raýatyň daşky gurşawy gowulaşdyrmak üçin nähili goşant goşup biljekdigi barada gürrüň bermek isledik.

Ekologiýa degişli maglumatlar çylşyrymly adalgalar (terminler), statistika, gury faktlar arkaly ýetirilse, hiç kim üçin kän bir gyzykly bolmajakdygyna akylymyz ýetýärdi. Şol wagtlar biz ekologlaryň we halkara guramalaryň akademiki hasabatlaryny düşünmek aňsat bolar ýaly ýeňilleşdirip, üns çeker ýaly gyzyklandyryp, okyjynyň wagtyny ýitirmezlik üçin gysga we düşnükli edip taýýarladyk. Şeýlelik bilen taslamamyz kiçiräk eko-çagyryş görnüşinde emele geldi.

Eko-çagyryşlar — bular eko-stiline laýyk gelýän ýönekeý ýumuşlar. Olary ýaşaýşymyza girizmek, amala aşyrmak kyn däl we günde artykmaç güýç sarp etmän amal edip bolýar.

Häzirki wagtda tutuş ýer ýüzi durnukly ösüşe we daşky gurşawa zyýansyzlyga düşünýär we olary durmuşyň dürli ugurlarynda ýerine ýetirmäge synanyşýar. Bu iş bizde, ýagny Türkmenistanda-da kem-kemden ýol alýar. Şonuň üçin biz “Türkmen Eko-çagyryşy” taslamasynyň kömegi bilen mümkin boldugyça köp türkmen raýatlarynyň şulary bilmegini isledik:

  • haçan-da bolsa bir wagt soňy geljek baýlyklarymyzy (suwy, energiýany, gazy, nebiti) tygşytly ulanmak;
  • oýlanyşyksyz sarp ediş zerarly köpelýän zir-zibiller (plastik paketler, bir gezek ulanylýan plastik gaplar we ş.m.) barada;
  • howa şertleriniň üýtgemegi barada (adamyň edýän işleri sebäpli ýyl geçdikçe adatdan daşary howa hadysalary we temperaturanyň birden üýtgäp durmagy köpelip barýar);
  • daşky gurşawa goşant goşmak üçin şahsy jogapkärçilik.

 

Jora: Taslamany nähili geçirdiňiz? Ýumuşlar nämeden ybaratdy?

“Türkmen Eko-çagyryşy” 4 aýlap dowam etmek üçin niýetlenendi, olaryň her biri “ýaşyl” durmuş ýörelgesiniň dürli mowzuklaryna bagyşlandy. Mysal üçin, iýul aýynda “Zibil meýdançasyny togtat” ady bilen “hiç hili zibilsizlik” (zero waste) düşünjesi barada gürrüň berdik. Awgust aýynda eko-çagyryş “Baýlygymyzy gorap saklalyň” şygary arkaly tebigy baýlyklara we ş.m. paýhasly çemeleşmäge gönükdirildi.

Taslama interaktiw görnüşde amala aşyryldy. Eko-çagyryşlar bilen bilelikde her hepde öwrediji maglumatlary çykarýardyk. Ýumuşlar dürli-dürlüdi, meselem:

  • galyndy kagyzlary ýygnamak üçin jaýyň girelgesine guty goýmaly;
  • zerur däl wagty otagdaky çyrany öçürmeli;
  • suwa düşmegi 5 minutda tamamlamaly.

Ýerine ýetirilen ýumuşy surata düşürip, internetde goýmalydy ýa-da bize iberilmelidi. Bu ýönekeý eko-çagyryşlary ýerine ýetirmek bilen maglumatlar has gowy ýatda saklanýar, hem-de adamyň bu hereketleri ýuwaş-ýuwaşdan öz durmuşyna girizmek mümkinçilikleri ýüze çykýar.

 

Jora: Bu taslama başlanda toparyňyz nämä ymtylýardy? Maksadyňyza ýakynlaşdyňyzmy?

Ýurdumyzda daşky gurşaw üçin peýdaly, ýatdan çykyp giden pikirleriň köpden bäri bar bolmagy täsin. Meselem, öňler süýt önümlerini satyn alýan jäç (aýna) bankalarymyza we çüýşelerimize degişli “süýt küýzejigi” pikiri. Köp ýyllaryň dowamynda ir bilen süýtçüleriň ýanyna jäç bankalarymyzy alyp barýardyk. Indi bolsa ösen ýurtlaryň tejribesi boýunça dükanlarymyzda bir gezek ulanylandan soň zibile zyňylýan plastik baklažkalar bar, sebäbi bizde gaýtadan işlemek ulgamy heniz, mysal üçin, Ýewropadaky ýaly ösen däl. Alyjylaryň gaplary çalyşmagynyň/yzyna gaýtarmagynyň şular ýaly usullary dünýä ykdysady forumynda (WEF) ara alnyp maslahatlaşylýardy. Öz sebitimizde biz bu “süýt küýzejigi” pikirini öňler amal edýärdik, ýöne, gynansak-da, bolmalysy ýaly, laýyk gaýtadan işleýiş ulgamymyz bolmasa-da, biz kem-kemden bir gezeklik plastik gaplary ulanyşa geçip barýarys. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bu tema degişli taslama işläp taýýarlaýar, ýöne tutuş Türkmenistan boýunça, her bir obada we şäherde, hem-de ýygnanyşyk ýerlerinde ýaşaýjylar üçin gaýtadan işleýiş ulgamy gerek.

Biz kem-kemden, ýuwaş-ýuwaşdan ýurdumyzyň ösüş ugruna daşky gurşawa zyýansyzlygy, paýhasly we aňly-düşünjeli sarp edişi girizmäge ymtylýardyk. Netijede, taslamanyň tutuş dowamynda 1000-den gowrak adamyň ünsüni çekdik. Eko-çagyryşlary bolsa dürli derejesinde 150-ä golaý adam ýerine ýetirdi. Bir tarapdan, has köpräk adam gatnaşar diýip garaşdyk. Ýöne biz şol wagt olaryň hemmesiniň ýeterlik mukdarda surata düşürip, internetde goýup bilmejekdiklerini nazara almandyk. Şonuň üçin şu şertleri, hem-de bu taslamanyň täzeligini göz öňünde tutup, gatnaşyjylaryň agzap geçen mukdarymyzda bolandygyny şowly boldy diýip hasaplaýarys.

Taslama galapyn diňe Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň gatnaşyp bilendigi bizi gynandyrýar. Taslamanyň dowamynda welaýatlaryň ýaşaýjylaryny nädip gatnaşdyrjagymyzy bilmedik. Emma indi geljekde haýsy ýagdaýlaryň üstünde işlemelidigimizi bilýäris. Türkmenistanlylar üçin şunuň ýaly bilim beriş taslamalaryny has kän taýýarlamaly, esasan hem galyndylary gaýtadan işleýiş ulgamy ugrugandan soňra. Meselem, aýnany, plastikany we ş.m. dogry toparlara bölmek boýunça gönükdirmeler gerek bolar.

 

Jora: Bu taslamany durmuşa geçirmegiň iň çylşyrymly ýeri nämedi? Kyn pursatlarda nädip ruhdan düşmän saklanmagy başardyň?

Taslama birneme gysga wagt dowam etdi. Çykarmagy meýilleşdirýän ähli maglumatlarymyzy öňünden taýýarlamaly bolduk. Mundan başga-da, teswirlere wagtynda jogap bermelidi, gatnaşmagyň düzgünlerini düşündirmelidi, ýerine ýetirilen ýumuşlar bilen surata düşmelidi. Bularyň hemmesini etmek üçin özümize zor salýardyk, ýöne gaty gyzyklydy.

Biziň ýüzbe-ýüz bolan ýeke-täk kynçylygymyz baýraklaryň tutuş ýurduň içinde poçta bilen iberilmegini gurnamakdy. Emma biz munuňam hötdesinden geldik we ýeňijilerimiziň hemmesi baýraklaryny aldy.

Taslama diýseň gyzykly we üns çekiji boldy, motiwasiýa (maksada itergi) tutuş “Türkmen eko-çagyryşynyň” dowamynda saklandy.

Maglumaty we terjimesini öňünden taýýarlamalydygy, düzgünleriň düşündirlişini bolsa, meselem, gysgajyk w  ideo arkaly has aňsatlaşdyrmalydygy bize geljek üçin sapak boldy. Şonuň üçin, düşünen we gatnaşan ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirýäris!

 

Jora: Ýogsa-da, nähili baýraklaryňyz bardy?

Baýraklary saýlamaga paýhasly çemeleşmäge synanyşdyk. Termoslar, suw çüýşeleri, sumkalar ýaly köp gezeklik ulanylýan zatlary saýladyk. Baýraklarymyz şu taslamanyň gymmatlyklaryny – ýagny, olaryň köp gezeklik ulanylyş mümkinçiligini, ýerli ussatlaryň käbir baýraklary öndürmäge gatnaşdyrylandygyny şekillendirýär.

Meselem, sumkalar Türkmenistanda örülen we tikilendi. Olara milli keşdeler çekilen we taslamanyň nyşany ýerleşdirildi. Täsirli we özboluşly boldy. Gatnaşyjylaryň käbiri baýraklaryny şu güne çenli hezil edip ulanýandyklaryny habar berdiler.

 

Jora: Seniň pikiriňçe, saňa sosial taýdan ähmiýetli işi üstünlikli alyp barmaga haýsy alan bilimiň kömek etdikä? Şu wagt sende bar bolan bilimiň bolmadyk bolsa bu pikiriň üstünde işlemegi başarardyňmy?

Bu taslamany kesgitli bilimiň bolmasa gurnamak kyn, gerekli bilimi bolsa men okaýan wagtym alypdym. Mundan başga-da, geçmişde şuňa meňzeş media taslamalaryny döredip edinen tejribeligimiň hem peýdasy degdi. Toparda işläp, gazanan tejribämiň hem kömegi degdi.

Bilimim we tejribäm bolmasa-da, bu taslamanyň üstünde işläp bilerdim, ýöne has kyn bolardy. Durnuklylyk, ekologiýa zyýansyzlyk, eko-stilleri temalary hakynda ýeterlik maglumaty öňräk edinmeli eken; haýsy çeşmelere ynanyp boljakdygyna we bilim beriji maglumaty nädip has täsirli bermelidigine düşünmeli eken.

 

Jora: Eger pikir taýýar bolsa, ekologiýa degişli taslamaňy başlamak üçin nämeler gerek diýip hasaplaýarsyň?

Ilki bilen nähili meseläniň bardygyna we oňa nähili çözgüt tapmalydygyna düşünmegi maslahat bererdim. Meselem, eko-sowatsyzlyk meselesi, onuň çögzüdi — ygtybarly maglumatyň elýeter edilmegi. Tersine däl. Eger mesele wajyp däl bolsa, siziň teklibiňiz gyzykly bolmaz.

Meseläni anyklap, onuň çözgüdini tapaňsoň, ony durmuşa geçirmek has aňsat we gyzykly bolýar. Eger siz degişli ugurdan bilimi almadyk bolsaňyz, gerekli bilimi we ukyplary bar bolan adamlardan hemişe topar düzüp bolýar. Şeýle hem ygtybarly çeşmelerden peýdalanmaly — olary tapmaly we manysyny dogry düşündirmeli. Ýöne şu ugurdan bilim almadyk adam maglumaty taýýarlamak we toplamak üçin has köpräk wagt gidirýär.

Şeýle hem, beýleki ýurtlaryň, esasan hem biziň sebitimiziň ýurtlarynyň şu ugur boýunça edýän işi bilen tanyşmagyň örän kän peýdasy bar. Beýleki taslamalarda öwrenip boljak kän zat bar. Eko-çagyryş pikiriň özi täze däldir, ol dürli ýurtlarda her hili görnüşde geçirilýär. Ony durmuşa geçirmegiň dürli ýollaryny tapyp bolýar — meselem, daşary ýurtlaryň çözgütlerini adaptirläp (alyp), olary öz jemgyýetimizde amal etmek.

 

Jora: Seniň pikiriň boýunça ekologiýanyň ýagdaýyny gowulaşdyrmak üçin her bir adamyň edip biljek zatlary nämeler Gel, şeýle ýörelgeleriň, iň azyndan, 3 sanysyny belläp geçeli.

Muňa degişli aşakdaky ýörelgeleri görkezerdim:

1 – ygtybarly çeşmeleri saýlamaly. Ygtybarly, dogry çeşmäniň nämedigini bilmek hemişe-de, esasan hem eko-stil bilen baglanyşykly hereketlerde örän möhümdir. Häzirki wagtda internetde bu tema degişli bloglar kän, ýöne olaryň haýsysynyň ylmy-gözleglere esaslanandygyna ýa-da halkara guramalar tarapyndan ýazylandygyna, haýsysynyň bolsa marketingiň bölegidigine (reklama maksatlydygyna) düşünmek örän möhümdir.

2 – özüňe baha bermäniň üstünde köpräk işlemeli. Şu maslahatyň eko-stile degişli däl ýaly bolup görünmegi mümkin, emma biz, köplenç, jemgyýetiň pikiriniň täsiriniň (sosial basyşyň) astynda galýarys. Dünýäde yzygiderli täze modalar çykyp dur. Onsoň seniň özüňe baha bermäň pes bolsa, täze çykan modalara görä bolmadyk wagtyň adamlaryň seni yzagalak görmeginiň täsiriniň astynda galyp bilersiň. Şeýle ýagdaýda adam özüne gerek bolmadyk zatlary satyn almaga başlaýar. Özüňe ynamyň bolsa, oýlanyşyksyz we gereksiz zatlary satyn almajakdygyňy göz öňünde tutup, özüňe ynamlylyk we öz zerurlyklaryňy bilmekligi hem eko-stil hasaplaýarys. Ýa-da sen wegetarian naharlaryna geçseň, sen saňa et iýdirjek bolýan dostlaryňy däl-de, öz bedeniňi diňleýärsiň, olara-da öz berhiziňi näme üçin üýtgedýändigiňi we ş.m. arkaýyn düşündirýärsiň.

3 – tankydy pikirlenişiňi ösdürmeli. Maglumatlar ummanyndakaň islendik maglumata tankydy baha bermek möhümdir.  Meselem, marketologlar köplenç “eko” ýa-da “bio” ýaly sözleri ulanýarlar. Olara harydyň ýüzüne şeýle belgileri ýelmemek gadagan edilmeýär, munuň ýaly belgiler bolsa jogapkärçilikli alyjylaryň ünsüni çekýär. Şonuň üçin nämedir bir zat satyn alnanda, şol önümiň hakykatdan hem “bio” kategoriýasyna degişlidigini ýa-da däldigini anyklamaly.

Şeýle hem, öz hereketeriňe degişlilikde hem tankyt gereklidir. Eger bir adam daşky gurşawa has zyýansyz bolmagy, indi hiç hili plastik paketleri ulanmazlygy ýüregine düwen bolsa, “Şu meseläni nädip çözmeli?” diýip pikirlenmeli. Dükandan kartoşkany köp gezek plastik pakete salyp getireniň gowumy ýa-da köp gezeklik ulanylýan sumkany hapalap, soňundan ýuwmak üçin suw bilen elektrik energiýasyny ýygy sarp edeniň bähbitlimi?

 

Jora: Dünýädäki ekologik ýagdaýyň gowulaşmagy üçin her bir adamyň gatnaşmagynyň, azajyk bolsa-da goşant goşmagynyň möhümdiginiň sebäbi näme?

Köp adam: “Meniň ýeke özüm näme edip bilerin?” diýip pikirlenýän bolsa gerek. We men şu ýerde “Bu bary-ýogy ýekeje bir plastik turbajyk” diýip, million adam aýtdy” diýen ýazgyly diwar kagyzyny mysal hökmünde getirip bilerin. Göz öňüne getirip görüň!

Daşky gurşawa has zyýansyz bolmak üçin endikleriňi, ýaşaýyş durmuşyňy üýtgetmeli, gymmatlyklaryň we ileri tutýan zatlaryňa täzeden garamaly bolýar. Indi “daşky gurşawyň” bizden uzakda, “şäheriň daşynda” bir ýerde däldigine düşünmek möhümdir. Ol biziň her gün ýaşaýan dünýämiz. Hereketlerimiz bilen daşky gurşawyň arasyndaky baglanyşygy duýmaýan bolmagymyz mümkin, ýöne bu baglanyşyk ägirt uludyr. Çagalarymyza we geljekki nesillerimize näme galdyrýarys? Zir-zibilleri, suw we beýleki tebigy baýlyklaryň ýetmezçiliginimi? Şu günki edýän hereketlerimiziň ählisi ertir çagalarymyzyň durmuşyna täsir edýär.

 

Jora: Ygtybarly çeşmeler hakynda aýtsak, bu meselede kimiň ýoluna eýermegi maslahat berýärsiň? Adam bolsun, gurama bolsun ýa-da ýurt, belki seniň görkezjek nusgaň bardyr?

UN Environment – Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy. Bu sahypada daşky gurşawyň ýagdaýy barada gyzykly makalalary okap, habarlary bilip we hasabatlar bilen tanyşyp bolýar  .

Greenpeace Russia – “Greenpeace” girdeji maksady bolmadyk halkara guramanyň Russiýadaky bölümidir. Olaryň nädip daşky gurşawa zyýansyz ýaşamalydygy barada maslahatlary elýeter dilde köpçülige ýetirýän ajaýyp sahypalary bar.

WWF – Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy. Olaryň saýtynda haýwanat dünýäsi barada gyzykly bloglary tapyp bolýar, adamzadyň  we ýabany tebigatyň birek-birege nähili täsir edýändigine has gowy düşünip bolýar.

 

Jora: Şu wagt 17 ýaşly bolan bolsaň özüňe näme maslahat bererdiň?

17 ýaşly bolan bolsam, özüme maslahat berer ýaly hiç zadym ýok. Şol wagt meşgullanan zatlarymdan hoşal. Bu döwür pul girdejileri barada pikir etmän, wagt barka üýtgeşik-üýtgeşik peýdaly taslamalara gatnaşmaly döwür.

Synpdaşlarym meniň näme üçin meýletin guramalara gidip, ol ýerde mugt işleýändigime düşünmän, hemişe geň galýardylar. Iş bolan wagty meýletinçiligi hem iş bilen deň ýöredýärdim. Iş bolmadyk wagty men öýde birnäçe sagatlap oturyp, telewizor görmäge derek dürli bilim beriji çärelere gatnaşýardym. Meýletinçilik we çärelere gatnaşmak maňa geljekki işim we okuwym üçin gymmatly tejribe, özleşdirilen başarnyklar, peýdaly tanyşlyklar we maglumatlary gazandyrdy. Aragatnaşyk ukyplaryny edindim, çagalara daşary ýurt dillerini öwretmegim meniň üçin tejribelik boldy, dürli gurnaklara gatnaşyp, günde täze zatlar öwrenýärdim. Bu hereketleriň ählisi öz geljegim üçin juda peýdaly goşant boldy. Şonuň üçin ähli eden zatlarym üçin özümden hoşal.

Ýene bir bellemeli möhüm zat — bolýan ýeriňi dogry saýlamaly. Dürli çärelere, gurnaklara gatnaşyp, bilim almaga, özüni ösdürmäge, kämilleşmäge çalyşýan işjeň deň-duşlaryňdan mysal alyp bilersiň. Şunuň ýaly adamlar saňa herekete geçmäge badalga berýärler.

Bu ýaşdan hökmany ýagdaýda ýerlikli, dogry peýdalanmaly – kitap okamaly, täze ukyplary edinmäge, bir zatlar öwrenmäge synanyşmaly. Şeýdip geljekki ösüş üçin binýat emele gelýär. 17 ýaşyňdakaň munuň ähmiýetine we zerurlygyna düşünmän bilersiň, emma hiç zady bilmäniňden nämedir bir zatlar bileniň gowudyr. Sebäbi geljekde nämäniň derde ýarajakdygyny hiç wagt öňünden bilip bolmaýar. Elbetde, dynç almak hem möhümdir.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.