Duýgularymyza erk etmegi öwrenýäris

Duýgularymyza erk etmegi öwrenýäris

Jora, belkem, durmuşda ýaramaz duýgulary nädip has aňsat geçirmelidigini öwrenesiň gelen wagtlar bolandyr. Muny nädip edip bolýandygyny şu gün aýdyp bereris.

Ýaramaz duýgular örän möhümdir we olara üns bermezlik etmeli däldir, sebäbi olar saňa kyn wagtlary ýeňip geçmäge, lapykeçligiň, ýitginiň hötdesinden gelmäge, şeýle hem möhüm netijelere gelmäge kömek edýär. Emma şol bir wagtyň özünde hem munuň ýaly duýgular seniň şol wagtdaky ýagdaýyňa görä ýerlikli bolmaýan wagty bolýar. Şonuň üçin bu duýgulara erk etmekligi öwrenmek mümkindir.

Duýgularyň seni basýandygyny duýaňda, rahatlamak üçin aşakdaky usullary ulanyp bolar.

 

Dem alyş usullary

1. Demiňi içiňde saklama bilen dem alyş.

Burnuňdan dem al we demiňi mümkin boldugyça uzak wagtlap sakla. Hemişe edişiň ýaly dem al we ber. Ýene bir gezek dem alyp, demiňi içiňde mümkin boldugyça uzak wagtlap sakla we demiňi goýber. Bu hereketi 2-3 gezek gaýtalaňdan soňra ýagdaýyň has gowulaşar. Bu hereket ýerine ýetirilende, öz ýagdaýyňa üns bermeli – eger başaýlanmaýüze çyksa, onda bes etmelidir.

2. “Dörtburçluk boýunça” dem alyş.

Pikirleriňde 1-2-3-4 sanaýançaň ýuwaşlyk bilen uludan dem al. 1-2-3-4 sanaýançaň sägin. 1-2-3-4 sanaýançaň ýuwaşlyk bilen demiňi goýber. 1-2-3-4 sanýançaň sägin.

3. Garnyň bilen dem almak.

1-2 sanaýançaň garnyňy çişirip, burnuňdan dem al. 1-2-3-4sanaýançaň garnyňy gowşadyp, demiňi agzyňdan goýber. Şu hereketi birnäçe gezek gaýtala. Garnyň hereketini has gowy duýmak üçin eliň aýasyny garnyň üstüne goýup bolar.

 

Pikirler bilen iş usullary

1. 5-4-3-2-1 usuly

Birnäçe gezek uludan dem alyp bermekden başla.

5-nji ädim: Görmek arkaly

Daş-töweregiňdäki 5 sany zady tap we üns ber. Şol bir reňkdäki zatlar bolsa gowusy, meselem: bäş sany näme-de bolsa gyzyl reňkdäki zat.

4-nji ädim: Duýuş arkaly

Elläp, tutup bolýan 4 sany islendik zady tap we üns ber. Meselem: üstüňdäki eşikleriňi, saçyňy, stoluň üstüni, ruçkany, şaýlygy elläp bilersiň.

3-nji ädim: Eşitmek arkaly

3 sany islendik ses çeşmesini tap we üns ber. Meselem: awtoulagyň sesi, geçip barýanlaryň sesleri, guşlaryň jürküldileri.

2-nji ädim: Ys alyş arkaly

2 sany ys çeşmesini tap we üns ber. Meselem: duhiň, egin-eşigiň, iýmitiň ysyny duý.

1-nji ädim: Tagam almak arkaly

Dadyp görüp biljek 1 zadyňy tap we üns ber. Meselem: sakgyç, kofe, suwuň tagamy.

 

2. Aklyň ýetmegi.

Özüňden şu üç soragy sora we jogap ber:

– Şu wagt men nähili duýgyny başdan geçirýän?

– Bedenimde näme duýýaryn?

– Şu wagt men näme barada pikirlenýärin?

Bu usul ýagdaýa has gowy düşünmäge kömek edýär, ünsüňi bedeniňdäki duýgulara gönükdirýär we dartgynly ýagdaýdan dynmaga mümkinçilik berýär.

 

🌿 Jora, bu usullaryň ählisini barlap gör we özüň üçin iň laýygyny saýlap al. Bu usullary asuda ýagdaýda ýerine ýetirmäge başla, soňra — biraz dartgynly (stressli) wagtyň ýa-da howsalaly ýagdaýyňda ýerine ýetir. Hemme zadyň bir gezekde bolup gimegine garaşma. Dartgynlylygyň hötdesinden gelmekligi başarmak — möhüm başarnyk bolup, bu başarnygy edinmek üçin bu usullary mümkin boldugyça ýygy ýerine ýetirmeli.

 

Surat: Unsplash

Jogap ýaz

Your email address will not be published.