Her bir gyzyň okamagyna degýän eserleri

kitaplar

Jora, a sen boş wagtyňy kitap okap geçirmegi halaýaňmy? Eger hawa, seň üçin biz, öz pikirimizçe, her bir gyzyň okamagyna degýän eserleri taýýarladyk. 

 

“Kiçijek zenanlar”, Luiza Meý Olkott
(“Little Women” by Louisa May Alcott)

Març maşgalasynyň dört sany dürli häsiýetli gyzlary bilen tanyşyp bilersiň: Meg – iň dogruçyl we romantiki, Jo – ýubkaly barypýatan bezzat, Bet – iň päk ýürekli ýuwaş gyz, iň kiçileri, Emi bolsa – ýeňilkelle, aýnakyja, ýöne özüçe paýhasly. Bu uýalar durmuşdaky kynçylyklara duş gelýärler, bilelikde şatlykly we gaýgyly günleri geçirýärler we ulalsaň, durmuşyň ýeňil däldigine düşünýärler. 

“Kiçijek zenanlar” Luiza Meý Olkott 

 

“Şahsy otag”, Wirjiniýa Wulf
(“A room of one’s own” by Virginia Woolf)

Özüniň meşhur oçerkinde ýazyjy şeýle diýýär: “Zenanlara döredijilik üçin ýetmeýän iň esasy zat – ýeke galmak üçin şahsy otag, hem-de aç bolmazlyk üçin ujypsyzja girdeji”. Eserde diňe bir ýazyjylyk üçin däl-de, eýsem giňişleýin manyda durmuş üçin şahsy çäkleriňi goramagyň zerurdygy beýan edilýär. 

“Şahsy otag” Wirjiniýa Wulf

 

 

“Jeýn Eýr”, Şarlotta Bronte
(“Jane Eyre” by Charlotte Brontë)  

Çagalygyndan bäri öz düşünjelerine gabat gelýän durmuşy ýaşatmaga we hereketleri etdirmäge synanyşýan daş-töweregindäki adamlaryň ters pikirlerine garşy durmaga, özbaşdak we halal zähmet çekmäge bolan hukugy üçin göreşýän ýetim galan gyz Jeýn bilen tanyşarsyň. 

“Jeýn Eýr” Şarlotta Bronte

 

 

“Ýele sowrulanlar”, Margaret Mitçell
(“Gone with the wind” by Margaret Mitchell)

Kelesaň we näzik gyzjagazdan güýçli, özüne ynamly aýala öwrülen Skarlett O’Haranyň hekaýasy. Onda rehim-şepagatdan nam-nyşan görmersiň, emma özi aňşyrmazdan, onuň kalbynyň çuňluklarynda maşgalasyna, ene topragyna, öz öýüne bolan egsilmez söýgi ýatyr.

 

“Ikinji derejeli jyns”, Simona de Bowuar
(“Le Deuxième Sexe” by Simone de Beauvoir)

Edebiýatyň tutuş taryhynyň dowamynda Zenan barada ýazylan iň möhüm kitap. Bowuar biologik, sosial we antropologik ugurlara deň üns berip, gadymy wagtlardan häzirki wagta çenli taryh boýunça zenanlara bolan gatnaşygyň üýtgeýşi hakynda gürrüň berýär. Hukuk boýunça bu kitap gender (jynsy) deňligi temasyna badalga beren eser diýlip hasaplanýar.

Simona de Bowuar

 

Jora, senem gowy görýän kitaplaryň atlaryny teswirlerde ýaz! Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin kämilleşme barada rubrikamyzy yzarla.

 

Surat: Pinterest

Jogap ýaz

Your email address will not be published.