Jora, şu gün biz seniň bilen täze söhbetdeşligi paýlaşarys. Bu gezek biz Okajak taslamasyny esaslandyran gyzlar bilen gepleşdik. Eger sen heniz olaryň sahypasyna ýazylmadyk bolsaň, onda häzir tüýs wagtymyka diýýäris. Näme üçin? Söhbetdeşligi okap gör we muny özüň anykla.
Teswirlerde öz pikiriňi ýaz ýa-da Okajak taslamasynyň esaslandyryjylaryna goşmaça soraglar ber.
Bize Okajak taslamaňyz barada aýdyp berseňiz? Onuň esasy işi nämeden ybarat?
Okajak taslamasy bilim almak üçin mümkinçiliklerini we maglumatlary Türkmenistanyň ýaşlary üçin elýeter edýär. Biz ajaýyp bilim almak mümkinçiliklerini tapýarys we muny öz okyjylarymyza ýetirýäris. Mundan başga-da, biz mugt maslahat (konsultasiýa) hem berýäris. Köp adam üçin bu täze bir zat, şonuň üçin soraglar ýüze çykyp bilýär we biz olara hoşallyk bilen jogap berýäris. Ýene bir zat: biz CV (rezýume) nädip düzmelidigi ýa-da onuň ýany bilen iberilýän haty nädip ýazmalydygy hakynda maglumat paýlaşýarys. Bularyň ählisi uniwersitete gireňde peýdalydyr.
Taslamaňyzy nirede we nädip tapyp bolýar?
Okajak taslamasyny Instagram, Facebook, VK sosial torlarynda we okajak.com salgysy boýunça tapyp bolýar.
Şunuň ýaly ýaşlara peýdaly taslamany döretmeli diýen pikire nädip geldiňiz? Näme üçin “bilim” ugruny saýladyňyz?
Okajak taslamasynyň pikiri biziň şahsy tejribämizden emele geldi. Biz okuwa giremizde, tölegsiz maksatnamalary gözläp we uniwersitete resminamalary tabşyryp köp kösenipdik. Uly synplardakak biz okuwymyzy dowam etmek isleýärdik, emma biziň bolup biljek mümkinçiliklerden habarymyz ýokdy. Biz dogry maglumaty nireden gözlejegimizi we indiki etmeli zatlarymyzyň nämedigini bilmeýärdik. Bagtymyza, biz tötänden örän ajaýyp talyp haky (stipendiýa) barada bildik. Resminamalarymyzy tabşyrdyk we girdik. Bu waka biziň durmuşymyzy üýtgetdi, köp gapylary açdy.
Şeýle hem, biz köp zehinli, akylly ýaşlaryň käbir talaplara laýyk däldikleri sebäpli däl-de, gerekli maglumaty görmändikleri sebäpli mugt okap bilmändiklerini gördük. Biz muny düzetmek isledik, sebäbi mugt okamak mümkinçilikleri örän köp! Her kimiň bilim almaga mümkinçiligi bolmaly.
Siziň saýtyňyzda Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlaryna degişli aýratyn bölüm bar. Ol ýerde nähili maglumat tapyp bolýar?
Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň açyk gapylar güni barada maglumat tapyp bolýar. Okuwa girmek üçin gerekli resminamalaryň sanawyny, olary tabşyrmagyň möhletlerini we giriş synaglary hakynda maglumatlary çykarýarys.
Siziň pikiriňizçe, munuň ýaly taslamanyň guramaçylygynda iň kyn zat näme? Kynçylyklary nädip ýeňip geçýärsiňiz?
Adamlara bu işi öz peýdamyz üçin etmeýändigimizi düşündirmek kyn boldy. Mugt okamagyň mümkindigini, diňe bir ýokary hilli bilim alman, talyp hakyny hem almagyň mümkindigini olara düşündirmek aňsat bolmady. Bu düşünjäni okyjylaryň aňyna ýetirýänçäk wagt gerek boldy. Indi bu tapgyrdan geçdik. Indi bize gelýän soraglaryň köpüsi nirä we nädip girmelidigi, nirede gerekli maglumaty tapyp bolýandygy, resminamalary nädip taýýarlamalydygy we ş.m. hakynda.
Gerekli talyp haklaryny gözlemek — bu aňsat bolmadyk iş. Biz abunaçylarymyzy höweslendirmäge we olara peýdaly bolmaga çalyşýarys. Biz olarda köp mümkinçilikleriň bolmagy üçin dürli talyp haklary, okuwlar we beýleki peýdaly materiallar barada ýazýarys.
Kyn pursatlarda siziň özüňizi näme ruhlandyrýar? Toparda işläniňizde näme kömek edýär?
Gazanylan üstünlikler ruhlandyrýar, şeýle hem biziň statistikamyz ruhlandyrýar. Maglumatyň ýaşlara ýetýändigine düşünmek biz üçin möhüm. Abunaçylaryň artýan sanyna görä baha berip, biz işimiziň adamlary gyzyklandyrýandygyna we olara peýda berýändigine düşünýäris.
Toparyň içindäki işde bize aragatnaşykdaky tüýs ýürekdenlik we umumy gymmatlyklarymyz kömek edýär. Biziň ählimiz işimiziň ähmiýetlidigine düşünýäris. Okajak üçin nämedir bir zatlar edip, biz onuň bilen bilelikde ösýäris. Her bir gazanylan üstünligi özümiziň we umumy toparyň baýragy diýip düşünýäris.
Diýmek, siz yzygiderli dürli talyp hak (stipendiýa) mümkinçiliklerini çykaryp durýarsyňyz. Türkmenistanlylar üçin daşary ýurduň ýokary okuw jaýlarynda mugt bilim almak üçin talyp hak almak nä derejede hakyky?
Hakykatdan hem mugt okap bolýar. Munuň üçin gerekli maglumatlary biz paýlaşýarys. Bizde örän kän akylly we zehinli ýaşlar bar. We biz muňa her gezek göz ýetirýäris. Hemme zat islege, höwese, hem-de adamyň şowsuzlyk we täze bir zady başlamak gorkusyna nähili ýeňip bilýändigine baglydyr.
Siziň pikiriňizçe, gyzlaryň bilim almagy näme üçin möhüm?
Bilim almak gyzlara stereotip we diskriminasiýa garşy göreşmäge kömek edip biler. Bilim olara saýlaw erkinligini almaga, öz aýagynda durup bilmäge, şol sanda maliýe (pul) taýdan başyny çaramaga mümkinçilik berýär.
Geliň, biziň okyjymyz siziň sahypaňyza ýazylyp, laýyk talyp haky barada bilýär, arzasy bilen ýüz tutýar, şeýdip hem ýerli ýa-da daşary ýurt ýokary okuw jaýyna girýär. Bu onuň üçin nähili mümkinçilikleri açýar?
Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtda ÝOJ (ýokary okuw jaýyna) girmek biziň şahsy niýetlerimize baglylykda örän köp mümkinçilikleri açýar. Kän bir özümiz bilmesek-de, köplenç, biz öz-özümize mümkinçilikleri döredýäris. Meselem, biz okuwymyzy dowam etmegi o diýen islemedik bolsak, onda biz ýokarda ýazan talyp hakymyza kän üns hem bermezdik.
Uniwersitetde okamak geljekde ýaşamagyň üçin gazanmaga kömek etjek hünär, bilim we başarnyklary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Uniwersitetde mugallymlar we kursdaşlar bilen tanyşlyk, akademiki alyş-çalyşlary we täze ýurtlara syýahat etmek arkaly dünýä, dürli medeniýetler, dünýägaraýyşlar we geljek üçin mümkinçilikler barada bilmek mümkindir. Köp adam uniwersitetde geçiren ýyllaryny durmuşdaki iň gowy ýyllar hasaplaýar, sebäbi ol ýerde iň gowy dostlarymyzy, ýarymyzy, halypalarymyzy tapýarys.
Häzirlikçe başga bir ýurda okamaga gitmäge mümkinçilik ýok bolsa, şunuň ýaly ýagdaýda näme maslahat berip bilersiňiz? Nähili hem bolsa onlaýn kurslar barmy?
Ýurduň içinde bilim almagyň ýollaryna seretmegi maslahat berýäris. Elbetde, öýden hem çykman, şahsy kämilleşmegiň dürli usullary, şol sanda dil öwrenmäge ýa-da hünär öwrenmäge mümkinçilik berýän köpsanly onlaýn-kurslar bar. Olary biziň saýtymyzda hem tapyp bolýar.
Şeýle hem, gaýybana ýa-da uzak aralykdan (distansion) okuw üçin resminamalary tabşyryp bolýar. Bu ýagdaýda okuw onlaýn geçýär: talyplar onlaýn-leksiýalary diňleýär, ýumuşlary ýerine ýetirýär we mugallymlardan maslahat alýarlar.
Mugt okamak üçin talyp hakyny üstünlikli almagyň ähli syrlaryny bilýärsiňiz. Siz biziň heniz mekdepde okaýan, emma geljekde uniwersitete girmek isleýän okyjylarymyza näme maslahat berýärsiňiz? Olar eýýämden näme edip başlasalar gowy bolar?
Iň esasy dört maslahat:
- Ýokary bilim barada eýýämden pikirlenip başlaň! Dowam edýän talyp haklary, maksatnamalary, onlaýn kurslary we bilim ýaryşlary hakynda habarly bolup durmak üçin Okajak sahypasyna yzygiderli girip duruň. Näçe kän bilseňiz, şonça-da saýlawyňyz kän bolar. Okuwa girmegiň elýeter mümkinçiliklerini öňünden öwreniň. Dogry ugur saýlamak — bu, megerem, iň kyn ýeri bolsa gerek. Şonuň üçin muňa ýeterlik wagt aýyrmaga çalyşyň.
- Nädip talyp hak almalydygy, nädip gerekli hünäri saýlamalydygy barada sorag berip, bize arkaýyn ýazyp bilersiňiz. Biz hemişe ähli hatlara jogap bermäge synanyşýarys.
- Ene-ataň bilen geljegiňiz barada gepleşiň. Olardan we eýýäm okap ýörenlerden maslahat soraň. Bu size ýagdaýa we öz mümkinçilikleriňize hakyky baha bermäge kömek eder.
- Öz bilimiňiz barada arzuw etmekden gorkmaň! Biziň saýtymyzda hem ýurduň içinde, hem tutuş dünýäde okamagyň köpsanly mümkinçilikleriniň bardygyny görersiňiz. Mundan başga-da, size, hut, öz isleýän ýeriňizde mugt bilim almaga mümkinçilik berýän talyp haklary bar. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyň, talyp haklary üçin resminamalaryňyzy tabşyryň we hemme zadyňyzyň ugruna bolýandygyny görüň!
Häzir 17 ýaşly bolsaňyz, özüňize näme maslahat bererdiňiz?
Täze zatdan gorkmazlygy, täze zatlary öwrenmegi, mümkinçilikleri sypdyrmazlygy we döretmegi, ösmegi! Yhlas bilen okamagy we şahadatnamany gowy bahalar bilen almagy. Bu köp uniwersitet üçin möhümdir, sebäbi olar okuwa alanlarynda hökman mekdep ýetişigini göz öňünde tutýarlar we bilimiňe baha berýärler.
Sapakdan daşary işler, ýagny sport, meýletinçilik (wolontýorçylyk) bilen meşgullanmak, olimpiadalara we bäsleşiklere gatnaşmak möhümdir. Şunuň ýaly işlere, adatça, az üns berýärler, emma okuwa girilende olaryň hem kömegi degip, goşmaça bal berip bilýändir.
Iň soňky bellejek zadymyz bolsa: şowsuzlyklardan gorkmaly däl. Eger şowsuzlyk bolaýsa-da, ýan bermeli däl, bes etmeli däl, gaýtam, has köp işlemäge, has kämilleşmäge höweslenmeli!
Photo from Unsplash

Jogap ýaz