Jora, şeýle göz öňüne getireli, irden sen birnäçe işleri etmegi planlaýarsyň, emma uzak gün başga işler bilen gümra bolup, planlan işiňi soňa goýýaň. Okuwyňa ýa-da işiňe degişli ýumuş saňa garaşyp dur, ýöne sen telefondan ünsüňi sowup bilmeýärsiň. Birden egin-eşikleri şkafa bireýýäm ýerleşdirmelidigiň ýadyňa düşýär. Şol etmeli işiňi günüň ahyrynda ýa howlugyp edýäň ýa-da ony ýene-de bir gün yza süýşürýäň. Ýerine ýetirilmegi ýeterlik ünsüňi jemlemegi talap edýän her bir işde şeýle ýagdaý gaýtalanýar.
Bu ýagdaý saňa tanyşmy? Käbirleri muny “ýaltaçylyk” diýip atlandyrýar, ýöne köplenç bu — prokrastinasiýa.
Şeýle ýagdaýlarda näme etmelidigine has gowy düşünmek üçin gel, şu gün prokrastinasiýanyň nämedigini we biziň näme üçin prokrastinirleýändigimizi biraz aýyl-saýyl edeli. Hem-de prokrastinasiýa garşy göreşmegiň birnäçe usullaryny teklip ederis.
Prokrastinasiýa – bu näme?
Şunlukda, ýönekeý sözler bilen aýtsak, prokrastinasiýa – bu işleri soňa goýmak. Ýaltalygyň dürli görnüşlerinden prokrastinasiýanyň tapawudy – planlan möhüm işimizi soňa goýsak-da, oňa derek nämedir bir zat bilen meşgullanmaga ýaltanmaýandygymyz. Ýalta adam düýbünden hiç zat etmek islemeýär ahyryn.
Prokrastinasiýanyň sebäpleri nämelerkä?
Sen etmeli işleriň spisogyny düzdüň, uzak günüň dowamynda etmeli işleriňi sagatlar boýunça-da bellediň, emma hiç hili başlap bilmeýärsiň. Edilmeli işleriň soňa goýulmagynyň esasy sebäpleri aşakdakylardyr:
Ýalňyşmakdan gorkýarsyň
Haçan-da, okuwyň ýa-da işiň ýerine ýetirilýän ýumuşyň hiline baglydygyna düşüneňde, bilmän ýa-da bilgeşleýin şol işi ýerine ýetirmegi yza süýşürýäň. Ony bolmalysy ýaly ýerine ýetirmezlikden, ýalňyşmakdan, mugallymyň ýa-da işdeşleriň seni gollamazlygyndan gorkýarsyň.
Nämeden başlajagyňy bilmeýärsiň
Eger seň öňüňde, meselem, synaga taýýarlanmak ýaly kyn mesele duran bolsa, bu ýerde hemme zat gaty düşnükli ýaly görünýär. Aslynda welin, bu anyk bir mesele däl, sebäbi synaga taýýarlanmak ýekeje hereketden ybarat däl ahyryn, ol başlanyňdan netijä ýetýänçäň birnäçe yzygiderli ädimlerden ybarat bolýar.
Ýumuşa düşünmeýärsiň
Haçan-da sen ýerine ýetirmeli ýumuşyňa gowy düşünmeseň, ony ýerine ýetirmek üçin näçe wagtyň we güýjüň gerek boljakdygyny anyklap bilmeýärsiň. Synaga taýýarlanmagy yza süýşürip, ahyrky pursatda sen käbir temalaryň has giňişleýin öwrenilmelidigini bilip galýarsyň. Ýa-da diňe bir sany okuw kitabynyň ýeterlik däldigine düşünip galýaň we ynamly çeşmeleri gözläp, öňem çäkli wagtyňy ýitirýäň.
Saýlap bilmeýärsiň
Şol sebäpli ýumuşy ýerine ýetirmegi yza süýşürýäň. Meselem, sen bir daşary ýurt dilini öwrenmegi ýüregiňe düwdüň, emma okuw kitabyny saýlap bilmeýärsiň. Ýa-da sen öýde öwrenmäge başlamak isleýäň, ýöne özüňe degişli gönükmeleri saýlap bilmeýärsiň. Saýlamak üçin wagt köp gidýär, netijede, şu gün eýýäm ol iş hökman däl bolup, ýene-de ertire galýar.
Işleriň başyňdan agdyk duýýarsyň
Haçan-da haýsydyr bir ýumuş saňa aşa uly we kyn görünse, ony soňa goýýarsyň. Ýa-da tersine, seň planlaryňda örän köp ownuk işler bar. Meselem, eger sen öýüň düýpli arassaçylygyny etmegi planlaýan bolsaň, şol ýumuşy ýerine ýetirmek üçin köp wagtyň gerek boljakdygyna we onuň köpsanly kiçi ýumuşlardan ybaratdygyna düşünýäň. Netijede, şol işiň saňa aşa agram salýandygy sebäpli, ony ertire goýýarsyň.
Ýumuşdan öňki ynjalyksyzlyk we gorky
Eger sen nähilidir bir möhüm test geçmeli bolsaň, netijeleriniň nähili boljakdygyny alada edýändigiň, geçip bilmersiň ýa-da pes bal alarsyň öýdüp, gorkýandygyň sebäpli ony yza süýşürersiň. Şu negatiw duýgulary başdan geçirmezlik üçin testiň geçiriljek gününi ýene yza goýarsyň.

Prokrastinasiýa bilen näme etmeli?
Şu gün biz saňa prokrastinasiýa garşy göreşmegiň birnäçe usullaryny teklip ederis. Olary ýerine ýetirip gör, hem-de özüňi düzgün-nyzama endik etdirmek üçin maslahatlary hemişe ýerine ýetirmäge synanyş. Bu saňa işleriňe öz wagtynda, has gowy üns bermäge kömek eder.
Günälilik duýgusyny aýyr
Ilki bilen geçmişde etmedik işiň üçin özüňi günäkärlemegi goý. Günälilik duýgusy hemişe howsala we ynjalyksyzlyk döreder, bu bolsa täze işleri ýerine ýetirmegiňe päsgel berer.
Ýakyn meselelere ünsüňi jemle
Edip bolaýjak, hakykata ýakyn meselelere ünsüňi jemle — her bir mesele üçin has anyk işleri we möhletleri belle. Şeýle-de bolsa, meseläni çendenaşa ownatmaly hem däl. Olaryň haýsysyny hut şu gün ýerine ýetirmelidigini pikirlen we şu wagtlykça diňe şolara ünsüňi jemle.
Işleriň spisogyny berjaý et
Işleriň spisogyny ýanyňda sakla we ony berjaý et. Bir ädimi tamamlaňdan soňra ýazyp, belläp goýan işleriňe seret — eger şeýtseň, ösüşiňe gözegçilik edip bilersiň.
Baýragyň barada şertleş
Özüň bilen baýragyň barada şertleş. Eger sen işi gutarsaň, saňa sylagyň garaşýandygyny bilseň, mesele kyn hem bolsa, şu gün başlamak has aňsat bolar. Baýrak, iň esasy, saňa gowy duýgular getirýän islendik bir zat bolup biler. Meselem, agşamky gezelenç, joraň bilen kofe içmek, film görmek, kitap okamak ýa-da halaýan doňdurmaň. Şol wagt ýerine ýetiren işiň berýän gowy duýgusyndan lezzet almagy ýatdan çykarma.
Saňa gözegçilik etmegini sora
Kimdir birinden saňa gözegçilik etmegini sora. Eger sen kimdir biri bilen (dogan-garyndaş, dostlar) bilen haýsydyr bir işi wagtynda ýerine ýetirjegiň barada şertleşseň, ony ertire goýmak seň üçin kynrak bolar. Eger seniň joraň hem prokrastinasiýadan ejir çekýän bolsa, siz biri-biriňiziň işiňizi derňäp bilersiňiz.
Täze işleri ýaz
Täze işleri haýal etmän ýaz-da, belläp goý. Eger ýazmasaň, olary hemişe ýadyňda saklap bolmaýar. Bolmasa, sen hemişe howsalaly we “bir zady ýatdan çykaran bolaýsam?!” gorkusynda bolarsyň. Bu meselede saňa telefon üçin söýgüli Todoist programmamyz kömek eder.
Ünsüňi sowýan zatlary azalt
Sosial setler, telewizor, oýunlar ýaly ünsüňi sowýan zatlary azalt. Telefonyňa her 10 minutdan seredip durmazlyk üçin telefonyňa Forest priloženiýesini gurup gör.
Kyn işlerden başla
Işleriň aňsadyndan däl-de, kynyndan başla. Eger sen, tersine, iň çylşyrymly işi soňa goýmaly diýen netijä gelseň, birnäçe aňsat işlerden soňra şu günlükçe ýeterlik işländigiňi we ýadandygyňy pikirlenersiň.
Peýdalar barada pikirlen
Sen işleriňi zerurdygy üçin ýa-da borçludygyň üçin etmelisiň öýtseň, seniň başga çykalgaň ýok ýaly görner we şol işi ertä goýmagy dowam edersiň. Oňa derek şol işleri näme üçin edýändigiňi we onuň saňa geljekde ýetirjek peýdalary barada bir minut pikirlen.
Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin kämilleşme barada rubrikamyzy yzarla.

Jogap ýaz