Göwrelilik nädip emele gelýär?

göwrelilik

Jora, şu gün biz saňa nädip göwrelilik emele gelip biljek usullary barada maglumat beresimiz gelýär. Bize bu tema barada okajylarymyz köp soraglar ýazdy. We bu wajyp meselede biz hemme miflary aýryp, ylym maglumaty ýazdyk. 

Göwrelilik haçan emele gelip bilýär?

Göwrelilik emele gelip bilýär: goranylmadyk (kontrasepsiýa usullary ulanylmadyk) giriji waginal, jynshananyň içine döl dökülmegi bilen tamamlanýan jyns aragatnaşykda.

Göwrelilik emele geljek howpy ýokary:

  • Tamamlanmadyk (jynshananyň içine döl dökülmedik) goranylmadyk giriji waginal, jyns aragatnaşygynda – erkek döl döküljek wagtyny sanap bilmezligi mümkin;
  • Kalendar usully kontrasepsiýada (tohumlandyrma üçin aýalyň bedenindäki howply günleri anyklamak) – aýratyn lukmançylyk barlag usullary geçirilmese, bu günleri dogry anyklamak kyn.

Göwrelilik emele geljek howpy örän pes ýa-da bu howp düýbünden ýok:

  • Berk kontrasepsiýa usullary dogry ulanylanda;
  • Ýoldaşlaryň birinde ýa olaryň ikisinde önelgesizlik anyklananda;
  • Ýoldaşlaryň birinde ýa olaryň ikisinde lukmançylyk sterilizasiýa edilende (reproduktiw organlary aýrylanda);
  • Anal we oral jyns gatnaşyklarynda;
  • Petinkda (ýoldaşlaryň daşky jyns agzalary girijisiz süýkeşende).

P.S. Goranylmadyk (prezerwatiw ulanylmadyk) waginal, anal, oral jyns gatnaşyklarynda we açyk petinkda (ýoldaşlaryň daşky jyns agzalary eşiksiz süýkeşende) infeksiýalar ýokuşmak howpy örän beýik!

Sagdyn bol!

Beýleki möhüm mowzuklar barada habarly bolup durmak üçin saglyk barada rubrikamyzy yzarla. Ginekologymyza soragyň bolsa, ginekolog@joralar.com poçta salgysyna ýaz.

Jogap ýaz

Your email address will not be published.