Jora, haçan hem bolsa bir wagt ýumurtgalyklaryňda kista boldumy?
Kista her bir gyzda, azyndan, ömründe bir gezek bolan bolsa gerek. Ýumurtgalyklaryň kistasy köp duş gelýän hem bolsa, olaryň tebigaty ylmy taýdan kesgitlenen hem bolsa, olaryň ýüze çykmagy barada henizem köp toslama bar. Şu gün şol toslamalary ýok edip, hakyky faktlara serederis.
Ýumurtgalygyň kistasy — bu içi suwuklyk bilen dolywagtlaýyn çiş. Ol birden ýüze çykyp, birden ýok bolýar. Kistalaryň ýüze çykmagy owulýasiýadaky bozulmalar bilen baglanyşyklydyr, owulýasiýadaky bozulmalar bolsa wagtal-wagtal hemme kişide hem bolýar.
Indi bolsa, gel, köp eşidilýän toslamalary ýok edeli:
✓ Wagtly-wagtynda jynsy gatnaşyklar bolmasa, ýumurtgalyklarda kista döreýär.
Bu dogry däl. Jynsy gatnaşyklar we kista hiç hili baglanyşykly däl. Wagtly-wagtynda jynsy gatnaşyklar bolanda-da, kista ýüze çykmaz diýen zat ýok, gaýtam tersine.
✓ Çaga dogrumyny uzak wagtlap soňa goýsaň, kista bolup bilýär.
Göwrelilik we dogrum kistanyň ýüze çykmagyndan goramaýar. Tersine, göwreliligiň başynda kista has köp duş gelinýär, bu bolsa kadalydyr.
✓ Kista aýrylar ýaly gormonal kontraseptiw ulanmaly.
Kista hiç zat etmesiz, öz-özünden aýrylýar. Eger gyz islenilmeýän göwrelilikden goranmak isleýän bolsa, kontraseptiw (göwrelilikden goraýan serişde) diňe şonda gerek. Göwrelilikden goraýan serişdeleriň kista täsiri ýokdur.
✓ Progesteronly dermanlar (Dýufaston, Utrožestan)kistany aýyrmaga kömek edýär.
Bu dermanlaryň kista hiç hili täsiri ýok. Şonuň üçin kistany aýyrmak üçin bu dermanlary içmek gerek däldir.
✓ Kistany hökman hirurgik ýol bilen aýyrmaly.
Eger gürrüň wagtlaýyn kista (sary bedenli kista, follikulýar kista) barada bolsa, onda hiç bir hirurgik operasiýa gerek däldir. 3-4 aýdan kistanyň özi aýrylýar we bu kadaly hasaplanýar. Ýumurtgalyklarda edilýän operasiýalaryň ýumurtgalyk goruny (owarial rezerwi) azaldyp bilýändigini ýatda saklamalydyr. Ýumurtgalyk gory — bu aýalyň ömri boýunça ýumurtgalyklaryndaky ýumurtga öýjükleriniň gory bolup, ol önelgelilik, ýagny göwreli bolup bilmek ukyby bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr, şol sebäpli hem ýumurtgalyklarda operasiýa etmäge diňe berk görkezmeler boýunça rugsat berilýär.
Jora, bu post saňa ýumurtgalyklardaky kista baradaky toslamalary ýok etmäge kömek edendir diýip umyt edýäris. Eger sende ýene-de sorag bar bolsa, teswirlerde ýa-da Instagram direkte ýaz.
Özüňi gora!

Jogap ýaz